Penşenbe güni Moskwanyň Migrasiýa gullugy bu şäherde köçe süpüriji zähmet migrantlaryndan ýüzden gowragynyň tussag astyna alnandygyny we olardan käbirleriniň deportasiýa ediljekdiklerini mälim etdi.
Federal Migrasiýa gullugynyň metbugat sekretary Zalina Kornilowa penşenbe güni žurnalistlere beren interwýusynda wagtlaýyn tussag astyna alnan 107 sany migrantdan 33-siniň Orsýetden deportasiýa ediljekdigini aýtdy.
Ol bu bu zähmet migrantlarynyň Orsýetiň migrasiýa kanunyny bozandyklaryny we olardan aglabasynyň Merkezi Aziýa ýurtlaryndandyklaryny mälim etdi.
Geçen aý prezident Wladimir Putin Moskwadaky zähmet migrantlarynyň registrasiýa düzgünini has berkitmek barada Döwlet Dumasyna teklip bilen ýüzlenipdi.