Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Owganystanda 10 sany parahat ýaşaýjynyň ölendigi aýdylýar


Çarşenbe güni Owganystanyň ýerli hökümet resmileri Kunar welaýatynda NATO-nyň geçiren howa hüjüminde 10 sany parahat ýaşaýjynyň, şol sanda 5 sany çaganyň-da öldürilendigini mälim etdiler.

Kunar welaýatynyň häkimi Fazullah Wahidi NATO-nyň güýçleriniň bu geçiriljek hüjüm barada öňünden ýerli häkimiýetlere hiç hili maglumat bermändiklerini aýtdy.

Onuň aýtmagyna görä, bu welaýatyň Çawgam obasynda geçirilen bu hüjümlerde parahat ýaşaýjylardan daşary, azyndan dört sany talyban söweşijisi-de öldürilipdir.

Owganystandaky halkara ýardam güýçleriniň metbugat sekretary maýor Adam Woýak bu geçirilen hüjümden özleriniň habarlydygyny, emma onda parahat ýaşaýjylaryň ölendigini ýa ölmändigini häzirlikçe tassyklap bilmejekdigini aýtdy.
XS
SM
MD
LG