Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ekwador: Korreanyň ýeňendigi aýdylýar


Ekwadoryň prezidenti Rafael Korrea
Ekwadorda geçirilen prezidentlik saýlawlarynda ýurduň häzirki ýolbaşçysy Rafael Korrea özüniň ýeňişini yglan etdi.

Saýlawlardan soňky geçirilen pikir soralyşyklara görä, Korrea sesleriň 61%-ni, onuň garşydaşy Guillermo Lasso bolsa, sesleriň 20%-ni alypdyr.

48 ýaşly Korrea adamlaryň ýaşaýyş durmuş şertlerini we sosial üpjünçiligini gowulandyrjakdygyny öňe sürýär. Emma, onuň garşydaşynyň bellemegine görä Korrea dissidentlere garşy çydamsyzlyk syýasatyny alyp barýar.

Korreanyň 2007-nji ýylda häkimiýete gelmegi bilen, 14,6 million ilatly Ekwadorda syýasy durnuklylyk emele gelipdi.
XS
SM
MD
LG