Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Putin we Berdimuhamedow goşa raýatlygy geňeşdiler


Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin (çepde) we onuň türkmenistanly kärdeşi Gurbanguly Berdimuhamedow.
Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin (çepde) we onuň türkmenistanly kärdeşi Gurbanguly Berdimuhamedow.

Duşenbe güni Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin bilen Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň arasynda telefon söhbetdeşligi boldy.

Rus tarapynyň teklibi esasynda geçirilen gepleşikde beýleki meseleler bilen birlikde Türkmenistanda ýaşaýan – ors we türkmen – goşa raýatlygy bolan adamlaryň ýagdaýyna aýratyn üns berildi. Bu barada rus prezidentiniň resmi websaýtynda maglumat berilýär.

Türkmen häkimiýetleriniň kararyna laýyklykda, şu ýylyň iýul aýyndan başlap, 2003-nji ýyldan soň goşa raýatlygy alan türkmenistanlylar, haýsy hem bolsa bir pasportyny saýlamaly bolarlar. Beýleki bir ýurduň pasportyna eýe bolanlara Türkmenistanyň “zagran”, ýagny daşary ýurt pasportlarynyň berilmejegi aýdylýar.

Türkmen we rus prezidentleriniň 11-nji martda geçiren gepleşiginde goşa raýatlyk meselesiniň anyk haýsy taraplarynyň maslahat edilendigi barada resmi çeşmelerde maglumat berlenok. Orsýetiň Türkmenistandaky ilçihanasynyň metbugat wekili Alekseý Musin hem gepleşikleriň anyk mazmuny barada takyk bir zat aýdyp bilmejekdigini belledi.

Emma rus ilçihanasynyň resmisi Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeşlikde goşa raýatlyk meselesi boýunça iki ýurduň Daşary işler ministrlikleriniň derejesinde gepleşikleriň dowam edýändigini, şeýle-de bu ugur boýunça Russiýanyň eden tekliplerine seredilýängini aýtdy. Musin türkmen tarapyna hödürlenen teklipleriň mazmuny barada hem häzirlikçe maglumat bermekden saklandy.

Goşa raýatlygyň taryhy

Türkmenistanyň resmi maglumatlarynda goşa raýatlyk ylalaşygynyň “1991-nji ýylda Türkmenistan garaşsyzlyga eýe bolansoň, ýurdy terk etmek islänlere jaý, emläk we garyndaşlyk meselelerini çözmekde ýardam bermek üçin” baglaşylanlygy aýdylýar.

1993-nji ýylda iki ýurduň şol wagtky prezidentleri Saparmyrat Nyýazow bilen Boris Ýeltsiniň arasynda baglaşylan bu resminama, käbir maglumatlara görä, ýüz müňden gowrak türkmenistanlylara orsýet pasportyna almaga mümkinçilik döredipdir.

2003-nji ýylyň 10-njy aprelinde Türkmenistan bilen Russiýa özara goşa raýatlyk ylalaşygyny ýatyrmak baradaky protokola gol goýdular.

2003-nji ýylyň maý aýynda Türkmenistanyň parlamenti protokoly ratifikasiýa edip, “Goşa raýatlyk ylalaşygynyň” güýjüni ýitirenligini resmi taýdan yglan edipdi.

Russiýa Federasiýasy ikitaraplaýyn protokola gol çeken hem bolsa, bu dokumenti parlament derejesinde ykrar etmedi we şu sebäpden ylalaşyga güýjünde galýan dokument hökmünde garamagyny dowam etdirýär.

Goşa raýaty bolan adamlar

Beýle ýagdaýyň dowam etmeginiň Türkmenistanda ýaşaýan rus we türkmen raýatlygy bolan adamlarda belli bir derejede nägilelik döredýändigi barada maglumatlar gowuşýar. Özüni Döwran diýip tanyşdyran türkmenistanly goşa raýatlyk meselesini ýerli häkimiýetleriň derejesinde gozgamakdan çekinýändiklerini Azatyk Radiosyna gürrüň berdi.

Döwran: “Türkmenistanda adamlar gorkýarlar, onuň sebäbi ol ýerde söz azatlygy ýok. Artykmaç bir zat aýtmaly däl, ýogsa çäre görerler”.

Türkmenistanyň resmi “Altyn Asyr” saýtynda Putin bilen Berdimuhamedowyň duşenbe güni geçiren telefon söhbetdeşligi barada habar çap edilse-de, onda goşa raýatlyk meselesiniň maslahatlaşylandygy dogrusynda hiç hili maglumat berilmändir.

XS
SM
MD
LG