Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

'Jihadyň' hakyky manysy we ekstremistler


Waşingtonda "Meninň jihadym" kampaniýasynyň bir reklamasy. 30-njy ýanwar, 2013 ý.
Waşingtonda "Meninň jihadym" kampaniýasynyň bir reklamasy. 30-njy ýanwar, 2013 ý.
Osama bin Laden 2001-nji ýylyň 11-nji sentýabrynda Birleşen Ştatlara edilen hüjümi suratlandyrmakda "jihat" sözüni ulanaly bäri bu gadymy arap sözüne iň gara manylar ýöňkelip gelinýär. Şol sebäpli-de "Jihat" sözi indi 10 ýyl bäri musulmanlar hem musulman däller tarapyndan Günbatara garşy yslam urşy manysynda giňden ulanylýar.

Arap-yslam gatnaşyklary baradaky geňeşiň Çikagodaky ofisiniň direktory Ahmed Rehab öz alyp barýan jyhadynyň bu sözi yzyna gaýtaryp almakdygyny aýdýar. Ol öz puly we öz işini goldaýan beýleki adamlardan gelen maliýe kömegine daýanyp, bir düşündiriş kampaniýasyny ýola goýupdyr. Kampaniýadan maksat - jihat sözüniň köp bilinmeýän manysyny ile bildirmek.

"Bu manylaryň biri gowy orun ugrunda, öz ýaşaýşyňy we beýlekileriň ýaşaýşyny gowulandyrmak ugrunda tagalla etmek, aňsat zady däl-de, dogry zady etmek" diýip, Rehab gürrüň berýär.

Çikagoda, San-Fransiskoda we Waşingtonda awtobuslarda hem otlularda asylýan reklamalarda bir güler ýüzli amerikan musulman göze ilýär. Ol reklamalar Rehabyň bu söze nähili düşünýändigini görkezýär. Ol muny öz el-aýagy ysmaz bolan enesinden öwrenipdir.

"Bu meniň jyhadym"

"Men ondan munuň bilen nädip oňýarsyň diýip soramda, ol maňa 'oglum, bu meniň jihadym' diýip, ýönekeýje jogap berdi. Bu maňa güýçli täsir etdi. Sebäbi bu onuň bu bir synag, böwet, göreş diýdigidi" diýip, Rehab gürrüň berýär.

Kampaniýanyň şygary: "Yslamy musulman we musulman däl ekstremistlerden yzyna gaýtaryp almak".

Ahmed al-Rahim Wirjiniýa uniwersitetinde yslam barlaglary boýunça kömekçi professor. Ol: "Bu kampaniýada musulman ekstremistleri diýilýänler salafistler" diýýär.

"Bular yslamyň aýratyn puritançylyk many ýüküne eýerýärler. Olar jyhadyň mukaddes uruş aspektini nygtaýarlar, bu sözüň häzir ulanylyşy ýaly onuň gazaply, urşa çalymdaş häsiýetini nygtaýarlar. Olar onuň asyl manysynyň şeýledigini aýdýarlar. "Jyhat" sözüni täzeden dikeltmek, täzeden definirlemek barada musulmanlaryň arasynda dürli ýollar bar. Bu-da jyhadyň bir görnüşi" diýip, al-Rahim belleýär.

Rehab "jihat" sözüniň manysyny ogurlan beýleki topara Pamela Geller ýaly adamlar wekilçilik edýär diýýär.

Geller "Amerikan Azatlygyny goramak inisiatiwasy" diýip atlandyrylýan topara ýolbaşçylyk edýär. Ol Rehab we ony goldaýanlar barada şeýle diýýar: "Olar jyhady arassalap, ýuwmarlaýarlar. Aslynda olaryň edýäni – bu ýurduň hopwsuzlygyna açyk abanýan uly howpuň öňünde amerikan halkyny ýaragsyzlandyrmak".

Jihat - Hudaýyň ýolunda jan etmek

Yslam alymy, Pensilwaniýa uniwersitetinde yslam pikirleri boýunça professor Jamal Elýasyň aýtmagyna görä, iňlis dilinde "jihat" sözüniň ekwiwalenti, ýagny şol manyny aňladýan ekiztaýy ýok.

"Ol dürli ýollar bilen aňladylýar. Onuň asyl manysy 'tagalla etmek' ýa 'yhlas etmek, göreşmek'. Uzynrak manysy bolsa 'Hudaýyň ýolunda jan etmek'. Netijede anyk manysynda, halkyň häzir pikir edişi ýaly, onda zorlugyň hiç bir formasyna açyk salgylanma ýok. Bu bir gaty gowşak kesgitleme. Onuň içine köp zatlar girip bilýär" diýip, Elýas düşündirýär.

Elýas syýasy kontekstde jihad sözüne köplenç ýaragly işjeňligiň käbir formasy diýip düşünilýändigini boýun alýar. "Ýöne musulmanlar, umuman, ony ulananlarynda - bu bir taryhy fakt - köplenç şahsy derejede özüňi gowulandyrmak diýip ulanypdyrlar" diýip, Elýas nygtaýar.
XS
SM
MD
LG