Birleşen Ştatlaryň Federal Derňew Býurosy Bostonda duşenbe günki amala aşyrylan iki partlamanyň jogapkärçiligini häzire çenli hiç bir toparyň öz üstüne almandygyny aýdýar.
Duşenbe güni Bostonda marafon ylgawy boýunça gurnalan ýaryş wagtynda ýaryşyň tamamlanýan zonasynda yzly-yzyna amala aşyrylan iki sany partlamada üç adam ölüp, 170 töweregi adam ýaralanypdy.
Derňew Býurosynyň resmileri häzirki wagt bu partlanan enjamlaryň galyndylarynyň öwrenilýändigini we häzire çenli hiç bir adama aýyplama bildirilmändigini mälim etdiler. Boston şäherinde howpsuzlyk çäreleri henizem güýçlendirilen ýagdaýda bolmagynda galýar.
Sişenbe güni eden çykyşynda prezident Barak Obama bu amala aşyrylan hüjümi “terror akty” diýip atlandyrdy. Obama hepdäniň penşenbe güni bu wakanyň bolan ýerine sapar eder diýlip garaşylýar.