Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

HRW: Türkmen hökümetine basyş etmeli


Human Rights Watch guramasynyň emblemasy
Human Rights Watch guramasynyň emblemasy
Adam hukuklaryna gözegçilik edýän Human Rights Watch guramasy 22-24-nji aprel aralygynda Türkmenistanyň hem Özbegistanyň hökümetleriniň ýurduň içinde öz halklaryna garşy alyp barýan çendenaşa repressiw syýasatlarynyň halkara derejesinde seljerilýändigine ünsi çekip, beýanat ýaýratdy.

Düýbi Nýu-Ýorkda ýerleşýän bu guramanyň beýanaty BMG-niň Adam hukuklary boýunça geňeşiniň Ženeweda geçýän “Ählumumy döwürleýin synyna” gabatlanyp çap edildi. Bu diňlenişikde Türkmenistandaky adam hukuklarynyň ýagdaýyna hem syn edilýär.

Human Rights Watch guramasy bu mümkinçilikden peýdalanyp, Türkmenistanda dowam edip gelýän adam hukuklarynyň bozulmalarynyň öňüni almak maksady bilen, anyk çäreleriň görülmegi üçin häkimiýetlere basyş etmelidigini belleýär.

Duşenbe güni ýaýradylan beýanatda Türkmenistanyň dünýäniň iň repressiw hökümetleriniň biridigi nygtalýar. Şeýle-de BMG-niň Adam hukuklary boýunça geňeşiniň 2008-nji ýylyň dekabryndaky diňlenşiginde türkmen hökümetine edilen rekomendasiýalaryň durmuşa geçirilmändigi bellenilýär.

"Berk duýduryş"

Human Rights Watch guramasynyň Ýewropa we Merkezi Aziýa bölüminiň direktory Weronika Szente Goldston türkmen hökümetine “berk bir görnüşde” habar ýollamalydygyny aýtdy. Ol: “Türkmenistanda we Özbegistanda çakdanaşa repressiýa bar. Üstesine, bu ýurtlaryň hökümetleriniň bu problemalary boýun alaslary hem gelenok. Şu meseläniň bir özi-de olara [bu ugurdan] berk duýduryş berilmeginiň zerurdygyny görkezýär” diýdi.

Szente Goldston sözüni dowam etdirip: “Aşgabada we Daşkende olaryň alyp barýan syýasatlarynyň kabul ederliksizdigini aýtmaly; şeýle-de olary düzeltmek üçin etmeli anyk işleri juda açyk we belent ses bilen eşitdirmeli” diýip, nygtady.

Hasabatda Türkmenistanda has alada döredýän käbir ýagdaýlar hem bellenilip geçilýär.

Türkmenistan syýasy sistema garşy çykýanlary türmä basmak tejribesini eýýäm uzakdan bäri ulanyp gelýär. Türkmenistanda 20 ýyla golaý wagt bäri dowam edip gelýän bu ýagdaýlaryň netijesinde, anyk sany belli bolmadyk ençeme adam türmelerde, gazaply şertlerde saklanýar.

Şol bir wagtda Human Rights Watch guramasy ýakynda şeýle tussaglaryň käbirleriniň azatlyga goýberilendigini belläp geçýär. Emma, muňa garamazdan, ýene-de näçe adamyň gözenegiň aňyrsynda saklanýandygy baradaky soragyň açyk durandygy nygtalýar.

Türkmenistanda aktiwistleriň, olaryň maşgala agzalarynyň, ýurtdan çykyp giden dissidentleriň ýakynlarynyň ýurtdan çykmagyna resmi we näresmi gadagançylygyň girizilendigi hem aýdylýar.

Szente Goldston BMG-niň “Ählumumy döwürleýin synynyň” soňky diňlenşiginden 4,5 ýyl töweregi geçse-de, Türkmenistanda juda az zadyň üýtgändigini belleýär.

Szente Goldston bu meselede öz pikirini şeýle beýan edýär: “Bu hökümetler bilen hyzmatdaşlyk edýänler özlerine: ‘has köp eglişigi nädip gazanyp bolar?’ diýen soragy bermeli. Jogap bolsa, ine, şeýle: ‘Basyş, has köp basyş etmeli”.

Human Rights Watch – adam hukuklaryny goraýan hökümete degişli bolmadyk halkara derejesindäki guramadyr. Ol 1978-nji ýylda esaslandyryldy.

XS
SM
MD
LG