Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ-da 590.5 million dollar utuldy


Birleşen Ştatlarda “Powerball jackpot” lotereýa oýnuny gurnaýjylar şenbe güni geçirilen lotereýa oýnunda bir bilediň 590.5 million dollar pul utandygyny aýdýarlar.

Oýny gurnaýjylaryň aýtmagyna görä, bu çakdanaşa uly pul fonduny utan lotereýa biledi Florida ştatynda hasaba alnypdyr, ýöne onuň eýesiniň kimdigi heniz belli däl.

Şenbe güni agşam geçirilen “Powerball jackpot” lotereýa oýnunda utuş nomerleri 10, 13, 14, 22 we 52 nomerler boldy, oýnuň goşmaça “Powerball” nomeri bolsa 11 nomer boldy.

Oýny gurnaýjylar şenbe günki oýunda haýsydyr bir biletde alty nomeriň altysynyň-da gabat gelmek boýunça minimal şansyň 175 milliondan birine deň bolandygyny aýdýarlar.

Birleşen Ştatlaryň taryhynda “Jackpot” loteriýa oýnunda utuşa goýlan iň köp pul 656 million dollar bolupdy. 2012-nji ýylyň martynda bu pul fonduny üç adam utupdy.
XS
SM
MD
LG