Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Oýunlardaky jedeller telewideniýede görkezilmeýär


"Talyp Sporty" we "Altyn Asyr" komandalarynyň duşuşygyndan bir pursat. 22-nji maý, 2012-nji ý.
"Talyp Sporty" we "Altyn Asyr" komandalarynyň duşuşygyndan bir pursat. 22-nji maý, 2012-nji ý.
Türkmenistanyň futbol boýunça çempionatynyň duşuşyklary ýurtda diňe “Türkmenistan sport” telekanalynda görkezilýär. Bu görkezişleriň haçan boljakdygyny anyklamak kyn. Sebäbi “Aşgabat” we “Watan” gazetlerinde çap edilýän telewideniýäniň hepdelik programmalarynda bu duşuşyklaryň wagty barada gürrüň edilmeýär.
“Käwagt, şol telekanala geçireniňde, futbol duşuşyklarynyň translýasiýalaryna [alnyp görkezilişine] gabat geläýmeseň, ýogsam bu translýasiýalaryň goýberilýän wagtyny anyk bilmek kyn” diýip, aşgabatly futbol janköýeri, 42 ýaşly Aman gürrüň berýär.
Futbol boýunça milli çempionatyň duşuşyklarynyň alnyp görkezilişindäki kemçilikler diňe Amanyň aýdýan ýagdaýy bilen çäklenmeýär. Türkmenistanda sporta niýetlenen ýörite telekanalyň bardygyna garamazdan, futbol oýunlarynyň ählisi ýazgyda görkezilýär.
Olaryň käbirleri duşuşygyň ertesi görkezilýän bolsa, käbirleri 2-3 gün soň efire berilýär.
Futbol duşuşyklarynyň alnyp görkezilişinde duşuşygyň wagtyny görkezýän titrler goýulmaýar. Şeýle-de, duşuşygyň dowamynda çalşyrylan, sary ýa gyzyl kartoçka alan oýunçylaryň, derwezä topy geçiren futbolçylaryň atlary hem ýazylmaýar.
Futbolçylaryň köýnekleriniň arkasynda hem olaryň atlary ýazylmansoň, tomaşaçylar üçin kimiň kimdigini bilmek gaty kyn bolýar diýip, Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeş bolan käbir futbol muşdaklary aýdýarlar.

Kimiň kimdigi näbelli
Futbol duşuşyklarynda köplenç halatda ýeke kamera ulanylýar. Bu bolsa şol duşuşyklaryň alnyp görkezilişini hasam garyplaşdyrýar we kimiň kimdigini saýgarmagy hasam kynlaşdyrýar. Ýeri gelende aýtsak, futbol çempionatynyň käbir duşuşyklary asla ýazgy edilmeýär.
Şol bir wagtda hem bu görkezişlerde oýunçylaryň eminler bilen jedellerine, oýunçylaryň öz aralarynda döreýän konfliktlere hem duş gelmek kyn. Adynyň agzalmagyny islemedik telewideniýäniň bir işgäriniň aýtmagyna görä, munuň ýaly ýagdaýlary görkezmek gadagan.
“Hatda bir oýunçyny beýleki oýunçy ýyksa-da, köplenç halatda şol ýeri kesilýär. Oýunça lukmanlar medisina kömegini berýän ýeri hem köp halatlarda efire goýberilmeýär” diýip, Türkmen telewideniýesiniň işgäri aýdýar.

Sakgaly üçin meýdandan çykaryldy
Şeýle-de bu alnyp görkezişlerde adamlaryň daş keşbine gezek gelende, ol Türkmen telewideniýesine mahsus bolan özboluşly kada-kanunlara tabyn edilýär.

Sakgaly üçin meýdandan çykarylan Şöhrat Nurgalyýew
Sakgaly üçin meýdandan çykarylan Şöhrat Nurgalyýew
Mysal üçin, 22-nji maýda “Aşgabat” stadionynyň türgenleşik futbol meýdançasynda geçen ”Talyp sporty” bilen ”Altyn asyr” komandalarynyň duşuşygynda ”Talyp sporty” komandasynyň 17-nji belgili oýunçysy Şöhrat Nurgalyýew duşuşyk başlanmanka sakgally bolansoň, duşuşygyň emini tarapyndan meýdançadan çykaryldy.
Ol diňe sakgalyny syryp gelensoň, duşuşygyň ikinji ýarymynda futbol meýdançasyna goýberildi.

Bu hili “sakgally” waka geçen ýylyň oktýabr aýynda “Aşgabat” sport toplumynyň ýanyndaky awtodromda awtosport boýunça geçen baýramçylyk ýaryşynda hem ýüz beripdi. Şonda bu ýaryşyň ýeňijisini telewideniýä ýazgy etmek üçin ondan sakgalyny syrmagy talap edipdiler.
XS
SM
MD
LG