Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Eýran: Ahmedinejada näme garaşýar?


Basym iş başyndan aýrylýan prezident saýlanan prezidenti gutlaýar.
Basym iş başyndan aýrylýan prezident saýlanan prezidenti gutlaýar.
Basym "öňki prezident” boljak bir adamyň, Eýranyň prezidenti Mahmud Ahmedinejadyňky ýaly duşmanlary köp bolsa, onda onuň geljeginden köp zat galan däldir diýip pikir edilmegi mümkin.

Iki möhlet prezidentlik döwründe Ahmedinejadyň abraýy diňe bir daşary ýurtlarda gaçanok. Has howplusy onuň ornunyň Eýranyň häkimiýet başyndaky toparynyň arasynda aşaklandygy.

Muňa hem onuň öz güýç-gudratyny ýurduň Ýokary ruhy lideriniň töweregindäki täsirli şahsyýetleriň hasabyna köpeltmek baradaky tagallalary sebäp boldy. Bu ýagdaý, 3-nji awgustda ol wezipeden aýrylanyndan soň, bir topar duşmanyň oňa hüjüm etmek üçin amatly pursatyň gözleginde gezmeginiň mümkindigini görkezýär.

Açyk gapma-garşylyk

Skott Lukas Britaniýanyň Birmingem uniwersitetinde Eýran boýunça ekspert. Ol ozal Ýokary ruhy ýolbaşçy aýatolla Ali Hameneýiniň ýakyn ýarany bolan Ahmedinejadyň öz prezidentliginiň ikinji möhletinde häkimiýet başyndaky ruhanylar bilen açyk gapma-garşylyga girendigini aýdýar:

"Ahmedinejad bilen Ýokary ýolbaşçynyň býurosynyň arasyndaky hakyky oňuşmazlyk 2011-nji ýylda döredi. Şonda Aňtaw ministrligine, ondan ozal hem Daşary işler ministrligine kontrollyk barada güýç synanyşygy boldy. Ahmedinejad Daşary işler ministrligini almakda belli bir derejede üstünlik gazandy. Ýöne Aňtaw ministrligi gyzyl çyzyk çägidi. Oňa agalyk edýän Ýokary lideriň özi. Şondan bäri Ahmedinejad bilen, Ýokary ýolbaşçynyň hut özi däl, ýöne sistemanyň dürli bölümleriniň arasynda barha artýan şu jedelli gatnaşyk dowam edip geldi".

Eýranda häkimiýete eýe topara degişli köp adamlaryň Ahmedinejady jezalandyrmak isleýändigini görkezýän alamatlar bar.

Ilki bilen 14-nji iýunda geçen saýlawlardan has öň "Gözegçiler Geňeşi" Ahmedinejadyň özüne oruntutar hökmünde saýlan kandidaty Esfandiýar Rahym Meşaýini dalaşdan çykardy.

"Ykdysadyýeti ýaramaz dolandyrdy"

Saýlaw kampanýasynyň dowamynda hem bäsleşmäge ýol berlenleriň hemmesi Ahmedinejady ykdysadyýeti ýaramaz dolandyranlykda aýypladylar. Saýlawda ýeňen Hasan Rohany hem "ekstremizme" Ahmedinejadyň administrasiýasynyň jogapkär bolmagynyň mümkindigini ýaňzytdy.

Muňa garamazdan, analizçileriň pikiriçe, häkimiýet eýeleri Ahmedinejady jezalandyrmak üçin köp iş etmez, munuň hem ençeme sebäbi bar.

Waşingtonyň Jorg Waşington uniwersitetinde halkara söwda we halkara işler boýunça Eýran boýunça professor Huseýn Askary muny şeýle düşündirýär:

"Eýran Hasan Rohanynyň saýlanmagyndan soň häzirki wagtda ýene bir bulagaýlygyň turmagyny islänok. Aýratyn-da Hasan Rohany örän tejribeli adam. Meniň pikirimçe oňa edere iş köp. Ol ýurduň ünsüni Ahmedinejada sowup, oňa özüne layýyk derejeden artyk ähmiýet bermek islänok".

"Ol köp zat bilýär"

Askarynyň pikiriçe, Ahmedinejadyň kanun taýdan yzarlanmagy diňe halkyň ünsüni başga ýere sowmaz, ol şol bir wagtyň özünde-de režime zyýan ýetirer.

"Biz, dogrudanam, bir fakty ýatdan çykarmaly däl. Ahmedinejad režim tarapyndan edilen dürli işler barada köp zatlary bilýär. Onuň bulary paş etmegi mükin. Ýöne men ol bu işi eder öýdemok. Sebäbi onuň halk bilen arabaglanyşygy bar. Ol şeýle hem geljekde režimde üstünlikli bolmagy isleýär" diýip, Askary aýdýar.

56 ýaşly Ahmedinejadyň öz geljegi barada bildiren zatlary köp däl. Ol diňe özüniň sapak bermek üçin basym uniwersitete dolanjakdygyny aýtdy.
XS
SM
MD
LG