Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Yrakly söweşijiler gaýtadan möwjeýär


Harby lybasdaky yraklylar. 2010 ý.
Harby lybasdaky yraklylar. 2010 ý.
Bütin Yrakda şaýylar bilen sünnüleriň arasyndaky gazaply hereketler möwjäp, sahna indi bir wagt ýurdy graždanlyk urşunyň gyrasyna elten jeňçiler çykýar.

Yrak soňky aýlarda öç almak maksady bilen edilýän şaýy-sünni hüjümleriniň ýitileşmegine şaýatlyk edip, Birleşen Milletler Guramasynyň aýtmagyna görä, ölenleriň sany 2008-nji ýyldan bäri görlüp-eşidilmedik derejä ýetdi.

Aprel aýynyň başyndan bäri iki müňe golaý adam öldürildi. Üstümizdäki aý bolsa takmynan iki ýüz adam öldi. Ölenleriň aglabasy parahat ilatdan.

Şaýylaryň ýolbaşçylygyndaky hökümet bilen azlyk sünnüleriň arasyndaky dartgynlyk barha güýjeýärkä, jeňçileriň we ýaragly toparlaryň ýurda dolanyp gelmegi adamlarda graždanlyk urşy turar diýen gorkyny oýarýar. Yraklylar söweşijileriň we ýaragly toparlaryň Bagdadyň köçelerinde aýlanyşyp ýörendigini aýdýarlar.

Bagdatly bir zenan käbir dükanlaryň we restoranlaryň ýapylandygyny, köp adamlaryň ýaragly toparlar tarapyndan nyşana alynmakdan gorkup, daşary çykmakdan heder edýändiklerini aýdýar.

“Planlaryny yza süýşürýärler”

"Köçelerdäki adamlar gorkýarlar. Ýola çykmagy planlaşdyranlar bu planlaryny yza süýşürýärler. Belli bir ýere gitjekler ýa belli bir çärä gatnaşjaklar muny yza süýşürýärler. Hemmeleriň umydy ýagdaýyň durnuklaşmagy" diýip, yrakly zenan aýdýar.

Yragyň jedelli premýer-ministri Nuri al-Maliki Bagdatdaky jeňçileriň we beýleki ýaragly toparlaryň hereketini basyp ýatyrmagy wada etdi. Ol maý aýynda ýurduň howpsuzlyk güýçlerine goşun we polisiýa güýçlerinden başga bir [harby] güýji döretmäge synanyşýan adamlara, kimem bolsa, berk zarba urmak barada görkezme berendigini aýtdy.

Howpsuzlyk işgärleri "Al-Mehdi goşuny", yrakly "Hezbolla brigadalary" we "Asaeb ahlul-Hak" ýaly şaýy söweşiji toparyň gazaply hereketlerden saklanandygyna ynanýarlar.

Ibrahim al-Sumaýda'ee yrakly syýasy analizçi. Ol şaýylaryň esasy söweşijilerinden daşgary täze ýaragly toparlaryň sahna çykandygyny, bularyň hem köplenç türgenleşiksiz ýaşlardan durýandygyny aýdýar: "Şaýylaryň esasy söweşiji toparlary bolan yrakly "Hezbolla brigadalary" we "Asaeb ahlul-Hak" hüjümlere jogapkärligi inkär edýärler. Ýöne biziň bu gün ýüzbe-ýüz bolýanymyz şaýy söweşijileriniň 3-nji nesli. Bular öz duýgularyna daýanyp uruşýan ýaşlardan durýar".

Toparyň jogaby

"Asaeb ahlul-Hak" toparynyň syýasy ganatynyň agzasy Amir Ta'ee öz toparynyň öç almak üçin edilýän hiç bir hüjüme goşulmandygyny adýar. Ol barha artýan zorluklarda yrakly ”Al-Kaýda” bilen ”Baasçylary” günäkärleýär

"Bagdatda we Yragyň käbir welaýatlarynda bombaly hüjümler ýaly her gün bolýan wakalary amala aşyrýanlar ”Al-Kaýda” bilen ”Baasçylar”. Bularyň ikisi-de buýrugy daşardan alýarlar. Ilatynyň aglaba köplügi sünnülerden durýan Türkiýe, Katar we Saud Arabystany ýaly ýurtlar hem bulary goldaýarlar" diýip, Ta'ee aýdýar.

Garaşsyz (hiç bir partiýa degişli däl) kanun çykaryjy Kais al-Şadher "Milli Ýaraşyk Komitetiniň" agzasy. Onuň aýtmagyna görä, ýaragly jeňçileriň gaýtadan peýda bolmagyna getiren syýasy krizisiň çuňalmagy we bäsdeş syýasatçylaryň berýän öjükdiriji beýanatlary:

Şadher bu barada şeýle diýýär: "Milli ýaraşyk programmasyna girizilen teklipleri biz [hökümet] ýerine ýetirmedik. Hökümet 2006-njy we 2007-nji ýyllarda [al-Kaýda garşy söweşmäge] çagyranda, syýasy prosesi goldan [sünni] taýpalary gujak açyp garşy almadyk. Bu iş sünnüleriň arasynda ynamsyzlyk döredip, lapykeçlige getirdi. Käbir halatlarda hem syýasatyň ara goşulmagy söweşiji topalary gaýtadan ýaraga ýapyşmaga ruhlandyrdy".
XS
SM
MD
LG