Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Mekdeplerde jyhadçy sapaklar dikeldilýär


Pakistanyň Haýber Puhtunhwa welýatyndaky çagalar mekdepde sapak okaýarlar. Bu mekdep mundan 100 ýyl öň gurlupdy.
Pakistanyň Haýber Puhtunhwa welýatyndaky çagalar mekdepde sapak okaýarlar. Bu mekdep mundan 100 ýyl öň gurlupdy.
Onlarça ýyl bäri Pakistanyň ähli ýerlerinde ulanylýan mekdep okuw kitaplaryndaky wagyz edilen käbir nädogry maglumatlar, ýigrenç we dini çydamsyzlyk häzirki gün ýurdy gaplap alan pitneçiligiň we mezhebara ýowuzlygyň möwjemegine getirdi.

Talyban we beýleki ekstremist toparlaryň bazasy diýlip häsiýetlendirilýän Pakistanyň Haýber Pahtunhwa welaýatynda degişli ýolbaşçylar tarapyndan bu ekstremistik pikiriň ýaş nesle täsiriniň öňüni almak üçin 2008-nji ýylda käbir takyk ädimler ädildi.

Şunlukda soňky birnäçe ýylyň dowamynda Pakistanyň gürrüňi edilýän welaýatynyň döwlet mekdeplerinde 1-nji synpdan 12-nji synpa çenli aralykdaky okuw kitaplarynyň mazmunyna düýpli üýtgeşiklikler girizildi.

Ýeri gelende ýatladyp geçsek, Pakistanda milli bilim programmasy ýok.

Şol reformanyň çäginde okuw kitaplaryndan ýaragy we ýowuzlyklary suratlandyrýan şekiller bilen bir hatarda jyhady ýa-da mukaddes urşy wagyz edýän Gurhanyň aýatlary hem aýryldy. Şeýle-de şol kitaplaryň dini şekilleri we ideologiýalary mahabatlandyrýan bölekleri ýerli şahyrlaryň, filosoflaryň we regiondaky puştun durmuşyny beýan edýän maglumatlar bilen çalşyryldy.

Jyhadçy maglumatlar täzeden dikeldilýär

Ýöne häzirki wagtda kynlyk bilen girizilen şol özgerişler howp astynda. Öňki kriket ýyldyzy Imran Hanyň “Adalat üçin Pakistan hereketi” we onuň koalision partnýory ”Jamaat-e yslam” partiýasynyň welaýat boýunça ýolbaşçylary mekdeplerdäki okuw kitaplaryna ýowuz jyhadçy mazmunly şol maglumatlary girizjekdigini yglan etdi.

Bu pikir, durnuksyz regionda söweşiji toparlar tarapyndan jyhadçylyk propagandanyň ýaýbaňlanmagynyň öňüni almak üçin bilimi iň gowy gural diýip hasaplaýan mugallymlary we magaryf işgärlerini howatyrlandyrdy.

Tankytçylaryň aýtmagyna görä, bu çäre welaýatyň ýaşlaryna radikallaşmak howpuny salýar.

Haýber Puhtunhwa welaýatynyň häkimiýeti bu kararyň haçandan başlap durmuşa geçiriljekdigi barada maglumat bermedi. Ýöne welaýatyň häkimiýetleri munuň üstümizdäki okuw ýylyna taýyn bolmajagyny mälim etdi.

Orta mekdebiň okuw kitaplaryna giriziljek bu üýtgeşiklikler 1-nji synpdan başlap, 12-nji synpa çenli aralykdaky birnäçe sapaklaryň mazmunyna täsir edip biler. Olaryň arasynda Pakistanyň taryhy we yslam sapagy ýaly okuw dersleri hem bar.

"Hökümet muny düzeder"

Haýber Puhtunhwa welaýatynyň maglumat we medeniýet ministri Şah Farman 21-nji awgustda eden metbugat çykyşynda, öňki hökümet başyndaky dünýewi ”Awami milli” partiýasy tarapyndan neşir edilen häzirki okuw kitaplarynyň mazmunyny “çarkandakly we düşnüksiz” diýip atlandyryp, hökümet muny “düzeder” diýdi.

“Yslamyň öwredilişi, jyhad we milli gahrymanlarymyz okuw kitaplarynyň mazmunyndan aýrylandan soň, bu nähili özygtyýarlyk, azatlyk we yslam gymmatlyklary bolýar?” diýen sorag bilen Şah Farman Haýber Puhtunhwa welaýatynyň paýtagty Peşawar şäherine ýygnanan žurnalistlere ýüzlendi. Soňra-da “Jyhad biziň dini ynanjymyzyň bir bölegi. Biz öz kararymyzdan yza gaýtmarys” diýdi.

Doktor Fazal Rahim Marwat Haýber Puhtunhwa welaýatynyň Okuw kitaplary müdirliginiň öňki başlygydy. Bu müdirlik welaýatdaky okuw kitaplaryny çap etmäge we olara üýtgeşme girizmäge jogapkär hökümet komissiýasydyr.

“Dini fanatizmi möwjeder”

Häzirki wagtda Peşawar uniwersitetinde dosent bolup işleýän Marwatyň aýtmagyna görä, welaýat häkimiýetiniň okuw kitaplaryna üýtgeşmeler girizmek baradaky gelen karary dini fanatizmiň möwjemegine getirip, okuwçylaryň aňyny zäherlär.

“Elbetde, munuň täsiri ýeter. Tutuş Pakistanda we tire-taýpalar regionlarynda uruş dowam edýär we söweşijiler hereket edýärler. Okuw kitaplarynyň köpüsinde ýigrenç bar. Siz köp ugurlarda bilimiň täsiriniň islegiň tersine bolýandygyny görüp bilersiňiz. 1980-nji ýyldaky owgan urşy döwründe Pakistanyň hökümeti hem mekdeplere jyhady girizdi. Şol hem biziň häzirki wagtda görýän ýowuzlyklarymyza we ekstremizme itergi berdi. Şeýlelikde kimdir biri ýene-de şeýle mazmunly materiallary okuw kitabyna girizmek islese, onda bu ýene-de şeýle zada itergi berer” diýip, dosent Marwat nygtaýar.

Marwatyň aýtmagyna görä, 2006-njy ýylda geçirilen reforma esasynda, welaýat okuw kitaplary müdirligi islendik görnüşde ýowuzlygy wagyz edýän okuw kitaplarynyň mazmunyny üýtgedip, olara parahatçylygy we oňşuklylygy ündeýän temalary girizipdi.
XS
SM
MD
LG