Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanly ene Türkiýede çaga satjak boldy


Stambuldan bir görnüş
Stambuldan bir görnüş
Türkiyede bikanun yaşaýandygy aýdylýan 22 ýaşyndaky turkmenistanly zenan bilen bagly bir habar soňky birki günüň dowamynda Türkiýäniň habar beriş serişdelerinde uly seslenme döretdi.

Habarlardan mälim bolşuna görä, adynyň Dinaradygy aýdylýan zenan, Germaniýada ýaşaýan bir türk maşgalasyna dört aýlyk çagasyny satansoň, çagany satyn alan maşgala tabşyrmak üçin aeroporta baranda ele salynýar.

Türkiýäniň iň uly habar kanallaryndan NTV-niň Germaniýanyň "Bild" gazetine salgylanyp 7-nji noýabrde çap eden habaryna görä, bu waka 14-nji sentýabrda Stambulyň Sabihe Gökçen aeroportynda bolup geçýär.

7-nji noýabrda Türkiýäniň habar beriş serişdelerinde peýda bolan bu maglumatda türkmenistanly Dinaranyň nikasyz jynsy aragatanşyk arkaly doglandygy aýdylýan çagasyny internet arkaly 370 ýewro satandygy aýdylýar.

Habarlarda aýdylyşyna görä, Germaniyada ýaşaýan şol zenan çagany almak üçin Stambulyň Sabihe Gökçen aeroportyna barýar, çaga aeroportda ýerleşýän hajathanalaryň birinde ony satyn alandygy aýdylýan maşgala tabşyrylýar.

Emma germaniýaly maşgala çagany pasporty bolmazdan aeroportdan çykaryp bilmejegine göz yetirensoň, ony gaýtadan hajathana getirip, howpsuzlyk güýçlerine habar berýär.

Iki maşgalanyň arasynda 14-nji sentýabrde bolup geçen bu başagaýlygyň her pursaty aeroportyň howpsuzlyk kamera aparatlary tarapyndan ýazga alnansoň, howpsuzlyk güýçleri üçin hakykatyň üstüni açmak kyn bolmandyr.

Türkiýäniň in uly gazetlerinden biri bolan “Hürriyetde” çap edilen maglumatda, howpsuzlyk güýçleriniň derňewleriniň netijesinde, Dinaranyň çagasyny seretmäge ýagdaýy bolmandygy üçin satandygy we çagany satyn alandygy aýdylýan zenanyň aýyplamalary boýun almandygy habar berilýär.

Türkiýäniň howpsuzlyk güýçleriniň Dinarany çagasy hem ejesi bilen bilelikde Türkiýeden deport edendigi, çagany satyn alandygy aýdylýan zenanyň bolsa jerime salnyp boşadylandygy aýdylýar.
XS
SM
MD
LG