Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Moskwa 'Antigeý kanunyna entek garaşmalydy'


Russiýanyň sport ministri Soçide geçiriljek gyşky Olimpiýa oýunlarynyň öňüsyrasy “gomoseksual propogandasy” atlandyrylýan kanunyň kabul edilmegini “ýalňyşlyk” diýip häsiýetlendirdi.

Rus habar serişdelerinde Witaliý Mutkonyň resmileriň bu kanuny kabul etmezinden ozal “birneme wagt garaşmalydyklary” baradaky sözleri getirildi.

Bu kanunyň kabul edilmegi bilen fewralda geçiriljek oýunlary boýkot etmek barada çagyryşlar hem edildi.

Iýun aýynda prezident Wladimir Putin tarapyndan kabul edilen kanun ýaşlaryň arasynda “adaty jynsy bolmaýan gatnaşyklary” mahabatlandyrmagy gadagan edýär.

Gomoseksual aktiwistleri bu kanunyň geýleriň jemgyýetçiligine garşy gönükdirilendigini öňe sürýärler.

Putin oýunlara gatnaşjak gomoseksual sportsmenleriň we myhmanlaryň özlerini rahat duýmaklary üçin ähli şertleriň dörediljekdigini aýdypdy.
XS
SM
MD
LG