Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Loýa jirga lideri Karzaýa garşy çykýar


Loýa jirganyň agzalary komitet sessiýasyna gatnaşýarlar. 22-nji noýabr, 2013.
Abraýly bir owgan syýasatçysy özüniň prezident Hamid Karzaýyň Birleşen Ştatlar bilen gol çekilmeli howpsuzlyk şertnamasyny soňa goýmak teklibine garşydygyny aýdýar.

Ozalky owgan prezidenti we parlament spikeri, Loýa jirga, Kabulda müňlerçe tire baştutanynyň we beýleki ýolbaşçy adamlaryň gatnaşmagynda geçirilýän uly maslahata başlyklyk edýän Sibghatullah Mojaddedi şenbe güni Azat Owganystan radiosyna Karzaýyň delagatlardan howpsuzlyk şertnamasyna gol çkkmegiň gijikdirilmegini soramaga haky ýok diýdi.

"Men size aýdýaryn, Karzaýyň beýle diýmäge haky ýok. Bu nädogry we gödek ýalňyş, sebäbi Birleşen Ştatlar Karzaýyň öňünden goýan şertleriniň ählisini ýerine ýetirdi, emma ol şondan soňam ylalaşygy yza çekjek bolýar. Gijikmek ýitgi we Owganystan üçin betbagtçylyk bolar. Bu hili teklipler Owganystanyň bähbidine garşy we kabul ederlik däl."

Karzaý penşenbe güni Loýa jirga delegatlaryna bu şertnama gol çekmek işi Owganystanyň indiki aprelde geçjek prezident saýlawlary bolup geçýänçä gijikdirilip hem bilner diýdi. Muňa jogap edip, Birleşen Ştatlaryň resmisi bu ylalaşygyň 2014-nji ýyl başlanmazyndan öň tamamlanmalydygyny aýtdy. Emma Karzaýyň sözçüsi Aimal Faizi anna güni Owganystan Birleşen Ştatlaryň bellän «soňky möhletlerini» ykrar etmeýär diýdi.

Ikitaraplaýyn Howpsuzlyk şertnamasy Birleşen Ştatlara NATO ýolbaşçylygyndaky halkara güýçleri 2014-nji ýylyň aýagynda Owganystandan çykarylandan soň müňlerçe esgeri bu ýerde saklamak mümkinçiligini bermeli.

Karzaýyň edarasynyň şenbe güni ýaýradan beýanatynda aýdylmagyna görä, Karzaý anna güni giçlik ABŞ-nyň döwlet sekretary Jon Kerri bilen uzak telefon gepleşigini geçirdi.

Beýanatda Kerriniň hawpsuzlyk paktyna şu ýyl soňlanmanka gol çekilmelidigi baradaky talabyna Karzaý Kabul bu şertnama halkara güýçleri owgan öýlerine hüjüm etmegi bes edip, owgan parahatçylyk prosesini doly goldap, aprelde azat we adalatly prezident saýlawlaryny kepillendiren halatynda gol çeker diýip jogap berdi diýilýär.

Faizi Karzaýyň ýekşenbede Loýa jirgada sözlejek hoşlaşyk sözünde bu şertnama gol çekilmegini prezident saýlawlary geçýänçä yza süýşürmegi talap etmeginiň «sebäplerini» düşündirmegine garaşylýar diýdi.

Bu şertnama gol çekmek meselesindäki oňuşmazlyklar dört günlük Loýa jirgany biraz alada goýdy, emma onuň soňundaky ses berişlige Karzaýyň arzuwlarynyň täsir ýetirmegine garaşylýar.
XS
SM
MD
LG