Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Tolokonnikowa goldaw üçin minnetdar


Nadežda Tolokonnikowa Moskwanyň Baş ybadathanasynyň öňünde, 27-nji dekabr, 2013.
Orsýetde ýaňy-ýakynda tussaglykdan boşadylan “Pussy Riot” pank toparynyň agzalary Nadežda Tolokonnikowa we Mariýa Alýohina žurnalistler bilen söhbetdeş bolup, özleriniň geljekki planlary barada gürrüň berdiler. Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeş bolan Nadežda Tolokonnikowa Orsýetiň tussaghanalaryndaky ýagdaýy özgertmek ugrunda iş alyp barmak isleýändigini aýtdy.

Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosy: Siz türmäni terk eden pursatyňyzda näme barada pikir etdiňiz?

Nadežda Tolokonnikowa: Häzir meniň elimde hereket üçin gaty köp mümkinçilik barka men, dogrudanam, köp iş etmek isleýärin. Men peýdaly iş edip biljegimi, şol sanda türme sistemasyny üýtgetmek üçin peýdaly iş edip biljegimi umyt edýärin.

Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosy: “Pussy Riot” topary nähili-de bolsa bir görnüşde öz işini dowam etdirmekçimi?

Nadežda Tolokonnikowa: “Pussy Riot” topary häzirki wagtda maňa degişli däl. Biziň bu toparyň meşhur bolmagyna we şäheriň köçelerinde ýüzi nikaply gyzlaryň peýda bolmagyna itergi beren bolmagymyz mümkin. Emma häzir bu topar maňa degişli däl, şonuň üçin bu sowal maňa berilmeli däl. Men bu toparyň eýesi däl. “Pussy Riot” toparynyň ideýalary bilen gyzyklanýan adamlar bar bolsa, onda bu ideýa-da ýaşar.

Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosy: Siziň tussaglykda bolan döwrüňizde, özüňize goldaw bildirilip edilen işler barada maglumat almaga mümkinçilik barmydy? Sizi we Mariýa Alýohinany tussaglykdan boşatmak üçin ýardam bermek ugrunda hereket eden adamlara siz näme diýmekçi?

Nadežda Tolokonnikowa: Orsýetiň Jenaýat Kodeksine laýyklykda, tussagyň informasiýa almagyny hiç kim gadagan etmeli däl, emma iş ýüzünde türme sakçylary adamyň diňe bir fiziki taýdan üzňelikde bolman, daşky dünýäden maglumat taýdan hem üzňelikde bolmagy üçin elinden gelenini edýärler. Maňa ýetirilen maglumatlar mende buýsanç döredipdi. Adamlaryň goldawy olaryň hoş niýeti şu dünýäde iň gymmatly zat bolsa gerek.

Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosy: Siziň tussaglaryň hukuklary ugrundaky göreşiňiz, ýagny aýal tussaglaryň gulçulykly zähmeti barada ýazan açyk hatyňyz örän täsirli bolupdy. Siziň pikiriňizçe, Orsýetiň türme sistemasyndaky şu günki esasy problema nämede?

Nadežda Tolokonnikowa: Bu adamlara haýwanlara garan ýaly garalmagydyr. Olara basyş etmek üçin ynsana mahsus bolmadyk usullary ulanmakdyr. Krasnoýarsk regionynyň ähli türmeleri barada aýdyp biljek däl, emma meniň bolan türmelerimde ýagdaýyň ganymatlaşandygyny gördüm. Bu ýagdaý tagallalary, wagty we döwlet işgärleriniň kömegini talap edýär. Men adamlaryň döredijilik taýdan ösmegi üçin hem has köp mümkinçilik berilmegini isleýärin.

Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosy: Orsýetiň häkimiýetleri we prezident Putin Soçide boljak Olimpiýa oýunlarynyň öňüsyrasynda amnistiýany geçirmek we Hodorkowskini boşatmak arkaly öz abraýyny galdyrjak bolýar diýip pikir edýärsiňizmi?

Nadežda Tolokonnikowa: Men käbir dünýä liderleriniň Putiniň Olimpiadasyna barmakdan ýüz öwrendigini radiodan eşitdim. Men muňa begenjimden ýaňa tans etdim. Sebäbi bu Putiniň dereksiz hereketleriniň ak ýürekli adamlary aldap bilmändigini, olaryň Orsýetiň nebit-gazyna gyzygyp, öz aladasyny [diňe çig mal ugruna gönükdirmändigini] görkezdi.
XS
SM
MD
LG