Russiýanyň öňki nebit tütjary Mihail Hodorkowskiý Berlinden Şweýsariýa bardy. Ol geçen aý Russiýanyň türmesinden boşadylany bäri Berlinde ýaşaýardy.
Hodorkowskiýiň metbugat wekiliniň berýän maglumatyna görä, öňki nebit tütjary we onuň aýaly hem-de iki ogly ýekşenbe güni otly bilen Basele gidipdirler.
Hodorkowskiý Basele baranyndan soň, şweýsar telekanalyna beren maglumatynda özüniň syýasy tussaglaryň boşadylmasy üçin tagalla etmek isleýändigini aýtdy. Şweýsariýanyň resmileri Hodorkowskä üç aýlyk wiza berdiler.
Hodorkowskiý salgyt galplyklary we bidüzgünçilik aýyplamalary bilen 10 ýyldan gowrak wagt tussaglykda saklanandan soň, Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin 20-nji dekabrda onuň günäsini geçipdi.
Hodorkowskiý azatlyga goýberilenden soň, dessine Russiýadan Berline gaýdypdy.