Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Täjigistan: Ymamlaryň täze formasy kesgitlendi


Täjik ymamlarynyň täze formasy
Täjik ymamlarynyň täze formasy
Gözellik we güýç dürlülikde diýilýär, ýöne täjik häkimiýetlerini özüne çekýän birmeňzeşlik ýaly bolup görünýär.

Soňky ýyllarda mugallymlar, talyplar we dini zyýaratçylar forma giýmeli edildi. Indi hem Duşenbedäki häkimiýet başyndakylar ünsüni ymamlaryň egin-eşigine gönükdirýär.

Ýurduň Dini işler boýunça döwlet komiteti üstümizdäki hepde ymamlaryň täze formasynyň dizaýny barada ylalaşyga gelnendigini habar berdi.

"Formalar şu wagt tikilýär, ymamlar basym aýratyn egin-eşikli bolar" diýip, komitetiň başlygy Abdulrahim Holikow 14-nji ýanwarda, Duşenbede žurnalistlere aýtdy.

Forma çal setin köýnek, jalbar, selle we gök dondan ybarat. Donuň ýeňiniň ujy, ýaka epini, şeýle hem öň gyralary gadymy täjik däbi boýunça keşdelenen bolmaly.

Ulamalar geňeşiniň başlygy Saidmukarram Abdulkodirzoda keşdelere salgylanyp, formanyň milli häsiýetlidigini aýtdy:

"Dizaýn aýratyn milli özboluşlylygy öz içine alýar, owadan reňk, owadan stil. Milli dini egin-eşik geňeş we beýlekiler tarapyndan gowy baha alyp, eýýäm oňlanyldy".

Döwletiň din işleri komiteti formalara edilen çykdajylaryň we olaryň bahasynyň entek kesgitlenmändigini aýdýar.

Ýöne komitet edilen harajatyň 30 prosentini özüniň tölejekdigini bildirdi. Galanyny hem Ulamalar geňeşi bilen ymamlaryň özi maliýeleşdirmeli.

Formalary taýýarlamak tabşyrygy hususy "Saidjon" tikinçilik kärhanasyna berlipdir. Ymamlar hem öz ölçeglerini şol ýere ibermeli.

Ideýanyň dörän wagty

Täjik mediýasynyň habar bermegine görä, ymamlaryň formaly bolmagy baradaky pikir 200 töweregi ruhanynyň 2013-nji ýylda prezident Imomali Rahmon bilen geçiren duşuşygynda döräpdir.

Ähli zat planlaşdyrylyşy ýaly gitse, onda täze formalar döwlet tarapyndan meçjitleriň ymamlaryna, orunlaryna laýyklykda, 170 dollar bilen 315 dollar aralygynda aýlyk tölenmäge başlanan mahaly ymamlara gowşar.

Ulemalar geňeşiniň başlygy Abdulkodirzadonyň aýtmagyna görä ymamlary aýlyk bilen üpjün etmek kararyna baş ymamlaryň haýyşy boýunça gelnipdir.

Täjigistanda meçjitler döwlete degişli agentlikler hasaplanmaýar. Ýöne resmi dini guralamalara kontrollyk edip, olary kadalaşdyrýan döwlet.

Täjigistan 2011-nji ýylda Mekgä haj zyýarata gidýänleriň egin-eşigini ýurduň resmi simwollaryna laýyklykda gök we ak reňkde bolmaly etdi.

Sowet däpleri

Duşenbe, mekdep formalaryny hem girizmek bilen, sowet döwrüne degişli däbi gaýtadan dikeltdi. Ýöne, aýdylyşyna görä, onuň mugallymlardan aýratyn egin-eşik geýmek barada eden talaby, mugallymlaryň we jemgyýetçiligiň tankytlary sebäpli, başa barmandyr.

Netijede ýurduň magaryf ministrligi ýaş mugallymlara sakgal goýbermegi gadagan etdi. Ýaşy elliden ýokary mugallymlar sakgal goýberip bilýärler. Ýöne sakgalyň uzynlygy bir sentimetrden geçmeli däl.

Mugallymalara hem, döwlet edaralarynyň ählisinde bolşy ýaly, baş örti ýa hijab gadagan.
XS
SM
MD
LG