Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kiýew: Aktiwist gynamalara sezewar edildi


"Awtomaýdan" toparynyň metbugat-wekili Dmytro Bulatow, Kiýew, 30-njy ýanwar, 2014
"Awtomaýdan" toparynyň metbugat-wekili Dmytro Bulatow, Kiýew, 30-njy ýanwar, 2014
Ukrainada mundan bir hepde öň ýitirim bolan meşhur aktiwist Kiýewiň golaýyndaky obadan tapyldy. Hökümete garşy cykyş edýän 35 ýaşly Dmytro Bulatow özüniň ors aksenti bilen gürleýän adamlar tarapyndan ogurlanyp, gynalandygyny aýdýar.

“Awtomaýdan” diýlip atlandyrylýan protest toparynyň metbugat wekili Bulatowyň 23-nji ýanwarda ýitirim bolandygy barada habar berlipdi. Bu waka iki sany oppozision aktiwistiň ogurlanyp, olaryň biriniň Kiýewiň golaýyndaky tokaýda öli tapylmagynyň yz ýany boldy, merhumyň jesedinde gynamalaryň yzy bardy.

AÝ/AR-nyň Ukrain gullugy Bulatowyň penşenbe gijesi Kiýewiň keselhanasyna äkidilendigini we urlup-ýenjilmelerden we gynamalardan galan ýaralary zerarly medisina bejergisini alýandygyny habar berýär. Bulatowyň gulagy dilnipdir we ellerinde hem aýaklarynda deşik edilipdir.

Bulatowyň beren gürrüňi

Ýüzi we kellesi gana boýalan Bulatow penşenbe güni gije žurnalistleriň öňünde çykyş etdi.

Ol şeýle gürrüň berdi: “Meni haja çüýlejek ýaly edip, asdylar. Ellerimi deşdiler. Gulagymy dildiler. Ýüzümi kesişdirdiler. Meniň bedenimde abat ýer galmady. Özüňiz görüň. Ýöne men diri galdym”.

Bulatow özüniň penşenbe güni, gije sowuk howada tokaýda taşlanansoň, golaýdaky oba barandygyny we öz dostlaryna jaň edip, olaryň kömegi bilen Kiýewe aşandygyny gürrüň berdi.

Dmytro Bulatowyň dosty “Awtomaýdan” toparynyň aktiwisti hudožnik Serhiý Poýarkow anna güni Bulatowyň bejergi alýan keselhanasynyň öňünde AÝ/AR-nyň Ukrain gullugy bilen söhbetdeş boldy.

“Onuň hiç ýeri döwülmändir, beýnisi sarsmandyr. Emma endam-jany dilnipdir, ol ençeme sapar urlupdyr, kemsidilipdir. Ol birnäçe günläp iýmitsiz saklanypdyr. Ony ogurlan adamlar biziň maliýe üpjünçiligimiziň çeşmesi barada maglumat almak isläpdirler. Ol uzak wagtlap gynalypdyr. Olar bizi kimiň maliýeleşdirýändigini bilmek isläpdirler. Onuň eginleri gök-dalak. Onuň gulagy we çekgesiniň bir bölegi dilnip, kesilen. Eli we aýagy deşilen. Ol birnäçe gün gynamalara sezewar edilipdir”.

Aktiwistleriň ogurlanmagy

Bulatow, oppozisiýany goldaýan Ýuriý Werbytskiý 22-nji ýanwarda Kiýewiň golaýyndaky tokaýda öli tapylanyndan bir gün geçensoň, ýitirim boldy.

Werbytskiý 21-nji ýanwarda öz dosty oppozision žurnalist we iki aýlap dowam edýän Ýewromaýdan protestlerinde tanymal şahslaryň biri Ihor Lutsenko bilen bilelikde ýitirim edildi. Lutsenko bir gün geçensoň tapyldy. Onuň gözüne gan öýlüp, alyn dişleri döwlüpdir. Lutsenko özüniň we Werbytskiniň nätanyş adamlaryň topary tarapyndan ogurlanyp, urlup-ýenjilendigini we şäheriň daşynda taşlanandygyny gürrüň berdi.

Bulatowyň “Awtomaýdan” protest topary geçen ýylyň noýabr aýynda Ukrainanyň Ýewropa Bileleşigi bilen ýakynlaşmagyny goldamak we prezident Wiktor Ýanukowiçe garşy çykyş edýän demonstrantlary goldamak üçin jemlenen awtoulag sürüjilerinden ybarat.

Bäş müň adamdan ybarat bu topar demonstrantlaryň polisiýadan gaçyp gutulmagy ugrunda eden işleri bilen meşhurlyk gazandy we Kiýewdäki protestlerde öňe saýlandy.

“Awtomaýdan” toparynyň aktiwistleri oppozision liderler bilen duşuşyk geçirýärler, Kiýewiň Garaşsyzlyk meýdançasynda protestçileriň öňünde çykyş edýärler we ABŞ-nyň hem Ýewropa Bileleşiginiň wekilleri bilen duşuşýarlar.
XS
SM
MD
LG