Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Orsýet: “Dožd” TW ýapylmaýar


Orsýetiň “Dožd” atly garaşsyz telewideniýesiniň müdiri telekanalyň ýapylmajagyny aýtdy. Natalýa Sindeýewanyň sişenbe güni Moskwada žurnalistlere aýtmagyna görä, ençeme telestansiýalar “Dožd” bilen şertnamalaryny ýatyrýandygyny yglan eden hem bolsalar, telekanal öz işini dowam etdirýär.

“Dožd” telekanalynyň ýolbaşçylary işini dowam etdirmek maksady bilen kabel telewideniýesiniň işini üpjün edýän operatorlara öz gepleşiklerini 2014-nji ýylyň aýagyna çenli mugt görkezmegi teklip edýärler.

Duşenbe güni “Dožd” telewideniýesiniň ýolbaşçylaryndan Aleksandr Winokurow TW-niň ýapylmagyň bosagasynda durandygyny belledi.

“Dožd” öz tomaşaçylaryna gapma-garşylykly pikir soraýşy hödürlemegi sebäpli berk basyş astyna düşdi. “Dožd” Ikinji Jahan urşunyň dowamynda 900 günläp gabawda bolan Leningradyň nasistlere berilen ýagdaýynda bir milliona golaý adamyň heläk bolmagynyň öňüni alyp bolarmydy, diýen sowaly orta atdy.
XS
SM
MD
LG