Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Hokkeý ýaryşynyň düzgün bozmalary


Türkmenistanyň prezidentiniň kubogyny almak ugrundaky halkara ýaryşyna gatnaşýan ýurtlaryň baýdaklary. Aşgabat. 17-nji fewral, 2014 ý.
Türkmenistanyň prezidentiniň kubogyny almak ugrundaky halkara ýaryşyna gatnaşýan ýurtlaryň baýdaklary. Aşgabat. 17-nji fewral, 2014 ý.
17-nji fewralda hokkeý boýunça Türkmenistanyň prezidentiniň kubogyny almak ugrundaky halkara ýaryş tamamlandy. Ikinji gezek geçirilýän bu halkara ýaryşa Russiýadan, Ukrainadan, Belarusdan, Gazagystandan we Türkmenistandan 8 sany topar gatnaşdy.

Uly ýaşly oýunçylar

Bu ýaryşyň düzgüni boýunça oňa ýaşy 17-ä çenli bolan hokkeýçiler gatnaşyp bilýärler. Emma, ýurtda bu sport bilen ýakyndan tanyş adamlaryň käbirleriniň aýtmaklaryna görä, bu ýaryşa gatnaşan käbir türkmen komandalarynyň düzüminde ýaşy 17-den uly hokkeýçilerem bar eken.

Bu halkara ýaryşda birinjiligi alan “Şir” komandasynyň adynyň efirde agzalmagyny islemedik oýunçysy şeýle ýagdaýa, esasanam, “Galkan” komandasynda duş gelnendigini aýdýar.

“Azyndan 5-6 hokkeýçiniň ýaşy 17-den ýokary diýen maglumatym bar. Olar 1992-94-nji ýyllar aralygynda doglan hokkeýçiler bolmaly. Bu komandanyň derwezeçisi bolsa 1989-njy ýylda doglan” diýip, “Şir” komandasynyň öz adynyň efirde tutulmagyny islemedik oýunçysy gürrüň berýär.

Elbetde, munuň ýaly maglumatlary resmilere, ýa-da “Galkan” kommandasynyň agzalaryna tassykladyp ýa-da inkär etdirip bolmady. Ýöne bu maglumaty Türkmenistanyň hokkeýi bilen ýakyndan tanyş we biri-birinden garaşsyz ençeme çeşme tassyklady.

Ilkinji hokkeý çempionaty
please wait

No media source currently available

0:00 0:00:50 0:00

Ozalky tejribe

Galyberse-de, ýaryş şerti bozulup, ýaşy uly sportsmenleri ýaryşa gatnaşdyrmak tejribesine ýurtda geçirilýän halkara ýaryşlarynda mundan ozal hem duş gelnipdi. Geçen ýylyň sentýabr aýynda Türkmenistanyň prezidentiniň kubogyny almak ugrunda futbol boýunça ýaryşda hem şular ýaly ýagdaý ýüz beripdi. Esasanam, Türkmenistan bilen Eýran komandalarynyň aralaryndaky duşuşykda ýaşy bolmalysyndan uly türkmen futbolçylary gatnaşdyrlypdy.

Hatda şol futbolçylaryň käbirleri şol duşuşykda başga atlar bilen hem oýnapdylar. Mysal üçin, şol duşuşykda 13-nji nomerde oýnan Annasähet Annasähedowy duşuşygyň diktory Begenç Ahmedow diýip tanadypdy. Onuň 1992-nji ýylda doglup, Halkara Türkmen-Türk Uniwersitetiniň futbol komandasynda oýnaýandygyny futbol bilermenleri gürrüň beripdiler.

Mundan başga-da geçen ýyl hokkeý boýunça Türkmenistanyň prezidentiniň kubogyny almak ugrunda halkara ýaryşda türkmen komandalarynyň düzüminde belarus hokkeýçileriniň oýnandyklary baradaky maglumatlar hem peýda bolupdy.

Mümkin sebäpler

Sport bilermenleri ýurtda geçirilýän halkara ýaryşlarynyň düzgünlerini ýaryş eýeleriniň bozýandyklary baradaky maglumatlaryň gaýta-gaýta peýda bolmagyny, şol komandalaryň öňlerinde goýulýan sporta dahyly bolmadyk şertler bilen baglanyşdyrýarlar.

“Sport çinownikleri islendik usul bilen üstünlik gazanmagy talap edýärler. Trenerlerem şol talaba görä, düzgüni bozýarlar. Ýaryşyň guramaçylary türkmen tarapy bolansoň, bu düzgüni bozmalara göz ýumulýar” diýip, özüni Berdi diýip tanadan aşgabatly sport treneri gürrüň berýär.

Berdiniň aýtmagyna görä, ýaryşyň düzgünleriniň bozulmalary diňe bir oňa gatnaşýan sportsmenleriň ýaşy bilen bagly däl. Ol bu barada şeýle diýýär: “Bizde hokkeý sporty ýaňy-ýaňy döredi, adaty ýagdaýda komandamyzyň rus komandasy ýaly tejribeli oýunçylardan üstün çykmagy mümkin däl. Eger hakykatdan hem sportçylarymyz ökde bolsa, daşary ýurtlarda geçirilýän ýaryşlarda näme üçin üstünlik gazanyp bilmeýärler?”.

Şeýle ýagdaýlar sebäpli, ýurtda geçirilýän halkara sport ýaryşlarynyň ýurda abraý däldigini, masgaraçylyk getirýändigini aýdýanlar hem bar. Elbetde, boldy diýilýän bu düzgüni bozmalar hakda resmi metbugatda tassyklaýjy ýa inkär ediji hiç hili maglumat berilmeýär.

Netijede halkara diýlip yglan edilen ýene bir ýaryş tamamlandy we bu ýaryşa hem soňky döwürlerde indi adata öwrülip barýan düzgüni bozmalar baradaky maglumatlar kölege saldy. Bu maglumatlar hakda, edil öňkü gezeklerdäki ýaly, türkmen metbugaty dymmagy dowam etdirýär.

Hokkeý boýunça halkara ýaryş Türkmenistanyň “Şir” komandasynyň üstünligi bilen tamamlanyp, birinji orny eýelän bu komanda altyn medal bilen bir hatarda, 20,000 amerikan dollary möçberinde pul sylagyna mynasyp boldy.

XS
SM
MD
LG