Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Krym: Azlykdaky tatarlar howsalada


Krym tatary juma namazyna barýar.Bakjasaraý. 7-nji mart, 2014 ý.
Krym tatary juma namazyna barýar.Bakjasaraý. 7-nji mart, 2014 ý.
48 ýaşly tatar zenany Nuriýa Bakjasaraý şäherindäki öýünde otyrka, köçeden geçip barýan eli dürreli adamlary görýär. Olar öz aralarynda rus dilinde gepleşýärdiler.

Dürreli topardan biriniň elinde şol ýeriň ýaşaýjylarynyň atlary we öý salgylary bar eken. Akçukrak diýlip atlandyrylýan bu ýeriň ýaşaýjylarynyň aglaba bölegi tatarlardan ybarat. Galan bölegini bolsa etniki kazaklar düzýär.

Nuriýanyň duldegşir goňşusy Awa öz ýedi ýaşly oglunyň mekdebinde geçirilien ene-atalar ýygnagyndan ýaňy gelip durşydy. Ol mekdepden ogluny ýany bilen alyp gaýdýar. Awa şol ýaňky köçedäki adamlaryň krymly tatar maşgalalarynyň öýleriniň derwezelerine nähilidir bir bellik edýändiklerini görüpdir. Haçan-da olar dürrelerini iki ýana bulap Awa ýakynlaberenlerinide, ol ogluny ýanyna alyp, gaçypdyr.

"X" belgisi

Dürreliler olary yzarlamandyrlar. Ýöne olar Awanyňam, Nuriýanyňam derwezelerine ak hek bilen “X” belligini goýup gidipdirler.

“Meniň goňşym olary göreninde gaty gorkupdyr we dessine gaçyp, öýünde bukulypdyr. Soň ol meni çagyrdy we biz daşary çykyp, gapymyzda goýlan belligi gördük. Gapa otwýertka, ýagny towlawaç bilen bellik edipdirler. Ol ýerde hek bilen edilen bellik hem bar eken, ýöne biz ony süpürip aýyrdyk. Emma sypjyrygy bolsa aýryp bolmady” diýip, Nuryýa gürrüň berýär.

Awa bu wakadan soň ýerli polisiýa jaň edip, olary çagyrypdyr. Ýöne, Nuriýanyň aýtmagyna görä, krym tatarlarynyň ynjalyksyzlygyny köşeşdirmek üçin häkimýetleriň elinden gelýän zat ýok. Krym tatarlary “orsparaz” kellekeserler tarapyndan özleriniň gorkuzylýandygyny aýdýarlar.

Howsala üçin esas

Asly musulman bolan krym tatarlary ýöne ýere howatyrlanmaýarlar. Olaryň geçmişde duçar bolan agyr günleri häzirki howsalasynyň esaslydygyna güwä geçýär.

Ikinji jahan urşy döwründe olar başga ýerlere sürgün edilip, öz ýurtlaryny terk etmäge mejbur edilipdiler. Aýatda diri ýören ýaşuly nesil şol pajygaly göçhä-göçlügiň diri şaýatlary.

1944-nji ýylda Sowet Soýuzynyň şol wagtky baştutany Iosif Stalin we gizlin gullugyň başlygy Lawrentiý Beriýanyň buýrugy bilen 200 müňden gowrak krym tatarlary mal daşalýan otlulara mündürilip, Sowet Soýuzynyň dürli ýerlerine, esasan hem Özbegistana we Sibire göçürilýärler. Şol bir wagtyň özünde sowet goşunynyň hatarynda faşistlere garşy söweşip ýören krym tatarlary goşundan çykarylyp, Sibirdäki we Ural daglaryndaky işçi lagerlerine iberilýärler.

Şol pajygaly ýatlamalar Nuriýanyň howuny basmarlaýar. Onuň ene-atasy hem Özbegistana sürgün edilenleriň arasynda ekeni. Olar Fergana jülgesinde sürgünlikde wagtlary Nuriýa dünýä inýär.

Sürgün edişligiň birinji hepdesinde on müňlerçe adam açlyga we suwsuzlyga çydap bilmän, wepat bolýar. Sürgün edilen krym tatarlaryndan 1946-njy ýylyň ahyryna çenli ýarpysy, ýagny 100 müňden gowrak adam ölýär.

Krym tatarlaryndan bolan aktiwistler “sürgün edişlik” wakasynyň “köpçülikleýin gyrmak (genosid)” hökmünde kabul edilmegi üçin dürli kampaniýalary alyp barýarlar.

Krym tatarlaryna 80-nji ýyllarda öz dogduk diýarlaryna dolanyp gelmäge rugsat berilýär. Ýöne Nuriýanyň ejesem, kakasam Özbegistanda aradan çykýarlar.

“Altynjy etrapça”

Haçan-da Nuriýe Bakjasaraýa dolanyp geleninde, tatarlaryň 44-nji ýylda öz dogduk oba-şäherlerinden çykarylyp kowlansoňlar, olara derek Kryma etniki orslaryň eltilip, olaryň hem öz öýlerini eýeländiklerine düşünip galýarlar. Bakjasaraý 1500-nji ýyllarda Krym Tatar hanlygynyň dolandyryş merkezi eken.

Sürgünlikden yzyna dolanlara niýetlenilip, aýratynam 1991-nji ýyldan soň Kryma dolanan müňlerçe tatar maşgalalary üçin Bakjasaraýda “Altynjy etrapça” diýlip atlandyrylýan şäherçe gurulýar we müňe golaý tatar maşgalalary şol etrapçalarda ýerleşdirilýär.

Rus dilinde gepleýän “kellekeserleriň” tatarlaryň öýlerine kürsäp girýändikleri barada ýaýradylan habardan köp wagt geçmänkä, has takygy çarşenbe güni 5-nji martda, ýüzi nikaply we elleri ýaragly iki sany adam bir tatar maşgalasynyň öýüne urduryp girýär. Şeýle habardan soň Bakjasaraýyň “Altynjy etrapçasyndaky” ýaşaýjylaryň “ýürekleri ýarylýar”.

Bu waka şaýat bolan Söýün Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosyna beren gürrüňinde “talaňçylaryň” rus dilinde suwara gepleýändiklerini, olaryňöz öýlerini agdar-düňder edendiklerini, ýöne soňam hiç zady ogurlaman, öýden çykyp gidendiklerini gürrüň berýär. Olar hiç zat ogurlamasalar-da, Söýüne we aýalyna ýarag çenäp haýbat atypdyrlar.

Şol wakanyň ertesi güni Krymyň parlamenti Orsýete birikmek barada ses berişlik geçirdi we referendum geçirlmeli diýlen karara gelindi. Şondan soň halkyň gorkusy has hem artyp başlady. Sebäbi şol gün gündogar Ukraina degişli ulaglarda käbir adamlaryň tatarlaryň ýaşaýan jaýlaryny surata düşürip ýörendikleri görlüpdir.

50 ýaşly Serwer hem “Altynjy etrapçada” ýaşaýar. Onuňam ene-atasy 1944-nji ýylda Bakjasaraýdan Özbegistana sürgün edilenleriň arasynda ekeni. Serweriň aýtmagyna görä, hiç haçan krym tatarlary Krymyň Orsýete birikdirilmegini kabul etmezler. Hatda 16-njy martda geçiriljek referendumda şeýle netijä gelinse-de, tatarlar muňa razy bolmazlar: “Olar birwagt bizi sürgün edipdiler. Olar çeçenlerem, bizem sürgün edipdiler. Biz olara ynanmaýarys. Ukraina bize kömek etdi. Dile çolar ýaly kömek bolmasa-da, şonda-da “kömek etdi” diýse boljak”.

Ene-atasy sügründe wepat bolan Ýakup hem Serwer bilen ylalaşýar: “Biz Orsýete goşulmak islämzok. Sebäbi ol polisiýa döwleti. Krymyň täze [orsparaz] häkimiýetleri (hökümeti we parlamenti) diňe harby güýje bil baglaýar. Olar hiç kime hiç bir meselede sala salanoklar”.

Krymda dartgynly ýagdaý başlaly bäri göze ilýän uly gerimli göçhä-göçlük bolmady. Ýöne ýüzlerçe adam günbatar Ukraina göçüpdir ýa-da Türkiýä geçipdir. Olaryň Türkiýä wizasyz girmek hukugy bar.

Häzirlikçe bakjasaraýly tatarlar özlerini gorkuzyp, göçmäge mejbur etjek bolýanlardan goranmagyň çäresini agtarýarlar. Şonuň üçinem olar özlerini prowakasiýa itekläp, soňam Orsýetiň güýç ulanmagyny mamla edip görkezmäge ýol açjak bolýan we dartgynlylylyga meçew berýän “orsparaz” toparlardan ägä bolmak üçin şäherde howpsuzlyk sakçylarynyň nobatçylygyny ýola goýdular.

XS
SM
MD
LG