Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Owganystanda 18 adam öldi


Owganystanyň gündogarynda bolan partlamada 18 adam öldi. Bu wakada 10 polisiýa ofiseri, parahat ilatdan bir adam we ýedi hüjümçi heläk boldy. Heläk bolanlaryň arasynda etrap polisiýa ýolbaşçysy hem bar.
Nangarhar welaýatynyň paýtagty Jalalbadyň polisiýa merkezine edilen hüjümde başga-da 14 polisiýa ofiseri ýaralandy.
Owganystanyň içeri işler ministriniň orunbasary general Mohammed Aýub Solanginiň sözlerine görä, gürrüňi edilýän bu wakada janyndan geçen bir hüjümçi özüni partladypdyr we iki sany hem uzakdan dolandyrylýan bomba ýarylypdyr.
Solangi bu hüjüm owgan güýçleri bilen söweşijileriň arasynda bolan dört sagatlyk ok atyşygyň döremegine sebäp boldy diýýär.
“Talyban” hereketiniň metbugat wekili Zabihullah Mujahid metbugata ýaýradan maglumatynda gürrüňi edilýän hüjümiň “Talyban” söweşijileri tarapyndan amala aşyrylandygyny aýtdy.
XS
SM
MD
LG