Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Jaýlary hususylaşdyrmak çynyrgaýar


Aşgabat, köne we täze jaýlar
Aşgabat, köne we täze jaýlar
Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow anna güni Aşgabatda Ministrler kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi.

Türkmen döwlet habarlar gullugynyň ýazmagyna görä, bu mejlisiň dowamynda, beýleki möhüm meseleler bilen birlikde, döwlet eýeçiligindäki ýaşaýyş jaýlaryny hususylaşdyrmak barada hem gürrüň edildi.

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň «Döwlet ýaşaýyş jaý gaznasynyň ýaşaýyş jaýlaryny hususylaşdyrmak baradaky kanuny» 2014-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan güýje giripdi.

Türkmenistanyň hökümet başlygynyň orunbasary M.Artykow mejlisde hasabat bilen çykyş edip, “Döwlet ýaşaýyş jaý gaznasynyň ýaşaýyş jaýlarynyň hususylaşdyrylmagyny düzgünleşdirmek hakyndaky” Kararyň taslamasyny döwlet ýolbaşçysynyň garamagyna hödürledi.

Mugt hususylaşdyrmak hukugy

Bu düzgünleşdirmä görä, Türkmenistanyň döwlet eýeçiligindäki ýaşaýyş jaýlaryny hususylaşdyrmak baradaky kanunyna laýyklykda, ýaşaýyş jaýlaryny mugt hususylaşdyrmak hukugyna eýe bolan iki tarap bar.

Bu iki tarapyň birinji toparyna döwlet ýaşaýyş jaý gaznasynyň ulanylan möhleti 15 ýyldan az bolmadyk ýaşaýyş jaýlarynda kireýine almak-bermek şertnamasy esasynda on ýyldan köp hemişelik ýaşaýan raýatlar girýär.

Ikinji topara bolsa, Türkmenistanyň Ýaşaýyş jaý kodeksine laýyklykda, ýaşaýyş jaý şertlerini gowulandyrmak babatda döwletiň goldawyna mätäç, ulanylan möhleti 10 ýyldan az bolmadyk ýaşaýyş jaýlarynda 5 ýyldan köp hemişelik ýaşaýan raýatlar girýär.

Türkmen döwlet habarlar gullugy prezident Berdimuhamedowyň döwlet eýeçiligindäki ýaşaýyş jaýlaryny hususylaşdyrmagy düzgünleşdirmek baradaky kanun taslamasyny goldap, oňa gol çekendigini habar berýär.

Prezident Berdimuahmedow "halkyň, her bir maşgalanyň durmuş derejesi hakyndaky aladanyň Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň esasy ugry bolup durýandygyny belledi" diýip, habarda aýdylýar.

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanda döwlet eýeçilgindäki jaýlary hususylaşdyrmak işi ilki 1990-njy ýyllarda başlanyp, soň togtadylypdy. Ýöne göçýän durumyna eýe bolan raýatlar jaýlaryny hususylaşdyryp, olary satmak mümkinçliginden peýdalanypdylar.

Derwezede täze oba gurlar

Mundan başga, Ministrler kabinetiniň mejlisinde Ahal welaýatynyň Derweze etrabynda täze, döwrebap oba gurmak baradaky karara hem gol çekilipdir.

Türkmen döwlet habarlar gullugynyň ýazmagyna görä, döwlet baştutanynyň degişli kararyna laýyklykda, Derweze etrabynda hususy ýaşaýyş jaýlaryny gurmak üçin 257 gektar ýer bölünip berildi.

Bu ýerde bir we iki gatly ýaşaýyş jaýlarynyň jemi 1536-syny gurmak planlaşdyrylýar. Şeýle-de bu obada her biri 600 orunlyk iki sany orta mekdep, her biri 160 orunlyk dört çagalar bagy, iki sany saglyk öýi, beýleki zerur binalar gurlar.
XS
SM
MD
LG