Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Owganystan: Saýlawlaryň netijeleri haýrana goýýar


Prezidentlige dalaşgär Aşraf Gani
Prezidentlige dalaşgär Aşraf Gani
Prezidentlige kandidat Aşraf Gani general Abdul Dostumy öz dalaşgär ýarany hökmünde görkezende, muňa ökdelik bilen edilen syýasy göçüm diýip garalypdy.

Öňki özbek harby ýolbaşçysynyň birinji wise-prezident diýip görkezilmegi netijesinde Owganystanyň köp sanly özbek saýlawçylary Ganiniň gazanan seslerini ep-esli derejede ýokarlandyrar diýip pikir edilipdi.

Owganlar ses berenlerinde, däp boýunça, etniki liniýalara esaslanýarlar. Şol sebäpden bu gezek ýagdaý başgaça bolar diýip pikir etmäge hiç bir sebäp ýokdy. Ýöne, Gani 26-njy aprelde bildirilen deslapky netijeler boýunça ikinji orny eýelese-de, bu taktika oňat netije bermedige meňzeýär.

Etniki özbekler

Owganystanyň ilatynyň takmynan 9 prosentini emele getirýän özbekler Ganiniň Jowzjan welaýatynda, şeýle hem goňşy Farýap welaýatynda uly ýeňiş gazanmagyna goşant goşdular. Ol Jowzjan welaýatynda sesleriň 69 prosentini, Farýapda hem 65 prosentini aldy.

Ýöne Gani özbekleriň köplük bolup oturýan beýleki üç welaýatynda welin, munça sesi alyp bilmedi. Ol Sar-e-Pulda sesleriň 39 prosentini, Samanganda 27 prosentini, Gunduzda hem 38 prosentini aldy.

Abdulla Abdullanyň bolsa bu üç welaýatda alan sesleri bulardan has ýokary bolup, onuň tutuş Owganystan boýunça sesleriň 44.9 prosentini alyp, bäsleşikde birinji orny eýelemegine goşant goşdy.

Ganiniň Dostumy saýlap tutmagy, dogrudanam, töwekgelçilikli hereketdi. Sebäbi bu işiň özbekleriň goldawyny gazanmak üçin ýaşlary hem aýallary Ganiden daşlaşdyrmak howpy bardy.

Hazaralar

Owganystanda azlyk millet bolan hazaralar hem ýurduň ilatynyň takmynan 9 prosenti. Saýlawdan öň Abdullanyň bu ýerde sesleriň köplügini alaryna hiç kim garaşmandy. Synçylaryň aglabasy hazaralaryň sesleri üç dalaşgäriň, ýagny Abdullanyň, Ganiniň we Zalmaý Rasulyň arasynda paýlaşylar diýip çaklaýardylar.

Ýöne hazaralaryň köpçülikleýin ýaşaýan welaýatlary bolan Bamýanda sesleriň 68 prosentini, Dai Kundide hem sesleriň 75 prosentini almak bilen uly ýeňiş gazanan ýeke Abdulla boldy.

Abdulla hazaralaryň ep-eslisiniň ýaşaýan beýleki welaýatlarynda, şol sanda Gorda 60 prosent, Gaznade 54 prosent we Wardakda 36 prosent ses alyp, bu ýerlerde-de öňdeligi eýelän kandidatdyr.

Synçylar Abdullanyň beýle güýçli ýeňiş gazanmagyna sebäp diýip, birnäçe faktora salgylanýarlar.

Bularyň biri - onuň hazaralaryň ozalky täsirli jeňbaz serkerdesi we öňki ministr Mohammad Mohakygy özüniň geljekdäki ikinji wise-prezidenti diýip bellemegidir.

Ganiniň ikinji wise-prezident diýip saýlany öňki adalat ministri Sarwar Daniş. Rasul hem ikinji wise-prezident diýip, Owganystanyň ilkinji zenan welaýat häkimi Habiba Surabini görkezdi.

Netijelere goşant goşan mümkin bolan faktorlaryň ýene biri hazaralaryň Ganä ynamynyň pesligi. Ganiniň ýerligi kuçi. Maldarçylyk bilen meşgullanýan puştun kuçiler ýer we öri meýdanlary sebäpli asyrlar boýy hazaralar bilen çaknyşyp geldiler. Häzirki wagtlarda hem her ýyl bularyň arasynda gazaply hereketleriň ýüz berýandigi aýdylýar.

Abdullanyň sesleriň köplügini alan ýerleri, garaşylyşy ýaly, täjikleriň ýaşaýan demigazyk we günbatar welaýatlary. Abdullanyň milleti garyşyk. Ol ýarym täjik, ýarym puştun. Ýöne oňa köplenç täjik hökmünde garalýar.

Täjikleriň ýurduň ilatynyň takmynan 27 prosentini düzýändigini bilýän Abdulla puştunlaryň seslerinden hem köpräk paý almak üçin tagalla baryny etdi. Ol köplenç puştunlaryň ýaşaýan günorta we gündogar welaýatlarynda güýçli kampaniýa alyp baryp, özüniň puştun mirasyndan gürrüň etdi, şeýle hem bir puştuny özüne birinji wise-prezident diýip belledi.
XS
SM
MD
LG