Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabat: VIP köçeler


Köçede ýörite “stop” yşaraty-da goýlupdyr.
Köçede ýörite “stop” yşaraty-da goýlupdyr.
Paýtagtyň halkara aeroportunyň täze kompleksiniň 2-nji terminalynyň mundan bir aý ozal açylyp, ulanyşa berilmegine garamazdan, oňa barýan ozalky köçe, adaty raýatlar üçin petikli saklanylýar. Kosmanawtlar bulwary köçesinde hiç hili abatlaýyş işleri geçirilmese-de, onuň başlanýan ýerinde mundan aňryk hereketiň gadagandygyny alamatlandyrýan ýörite “stop” yşaraty-da goýlupdyr.

Şeýle-de täze terminalyň ýönekeý raýatlaryň awtoulaglary baryp bilýän ýerlerinde hem bu köçä çykyp bolýan ýerleri ýapyk. Şol ýerde uly haýat hem dikilipdir. Diňe ulaglara däl. eýse bu köçäniň boýy bilen ýöräp barýan pyýadalara-da duşmak mümkin däl.
Kosmanawtlar bulwary adaty sürüjiler üçin petikli
Kosmanawtlar bulwary adaty sürüjiler üçin petikli

Kosmanawtlar bulwary köçesiniň adaty awtoulag ulanyjylar üçin petikli bolmagyna hiç hili resmi düşündiriş berilmän, polisiýanyň ýol gözegçilik gullugynyň işgärleri, goşmaça maglumat bermezden, awtoulaglary yzyna dolamak bilen çäklenýärler.

Nähili-de bolsa, ýerli ilat, daşyndan göräýmäge, ýokary hilli bu bir kilometre golaý köçäniň petikli saklanmagyny onuň täze terminalyň VIP binasyna barýanlygy bilen baglanyşdyrýar. Resmi maglumat berilmese-de, bu ýerleriň ýaşaýjylarynyň aýtmaklaryna görä, bu köçeden diňe prezidentiň ýa-da ýokary wezipeli daşary ýurtly myhmanlaryň awtomobil kerwenleri geçip bilýär.

“Öň bu köçäniň gatnawy köpdi. Häzir bolsa öli ýaly bolup dur. Hatda pyýada ýöräp ýörenlerem az” diýip, bu köçäniň ýaşaýjysy Allaguly aýdýar.

Mundan başga-da täze terminalyň gurulmagy bilen onuň töweregindäki ýaşaýyş jaýlarynyň diwarlary hem mermere meňzeş gurluşyk materialy bilen örtülýär. Kosmonawtlar bulwary köçesiniň ugrundaky ýaşaýjylar üçin, beýleki protokol köçerindäki ýaly, “penjiräňi ýapyk saklamak, kir sermezlik” ýaly aýratyn “düzgünler” hem hereket edýär.

“Esasanam, prezident ýa-da başga bir daşary ýurtly myhman geçende, penjireleri ýapmak, oňa golaýlaşmazlyk barada ýörite gulluklar buýruk berýärler” diýip, Allaguly gürrüň berýär.

Bu köçäniň ýapylmagy täze terminala barýan beýleki awtotransporta hem öz täsirini ýetirýär. Olar täze terminala bu köçeden o diýen uzakda bolmadyk başga köçeden barmaly bolýarlar.

Beýlekiler

Paýtagtda ýokarda agzalan köçe ýaly ýörite köçeleriň ýene-de iň azyndan iki sanysy bar. Olaryň biri öňki Atabaýew häzirki Galkynyş köçesiniň Türkmenbaşy şaýolundan tä Garaşsyzlyk şaýoluna çenli bölegi. Köçäniň bu bölegi prezident köşgüniň günorta tarapyndan geçýär.

"Oguzhan" prezident köşgi açylaly bäri köçäniň bu bölegi ýönekeý awtomobilistler üçin ýapyk. Ol ýerde ýörite bir ýol gözegçi polisiýa işgäri gije-gündiz nobatçylyk edýär.

"Oguzhan" prezident köşgüniň demirgazygyndan geçýän beýleki köçe hem eýýäm ençeme ýyl bäri ýönekeý awtomobil sürüjiler üçin ýapyklygyna galýar. Bu köçeleriň ýanýodalaryndan pyýadalaryň geçmegine gadagançylygyň ýoklugyna garamazdan, şol ýanýodalardan geçip barýan pyýadalara gözüň düşmeýär.

Şu hili köçeleriň, ýagny prezident köşgüniň golaýyndaky ýollaryň ýapyk bolmagyna belli bir derejede adaty ýagdaý hökmünde garalýar. Adamlar bu köçeleriň ýapylmagyna köşkde oturanlary bimaza etmezlik ýa-da olaryň howpsuzlygy üçin edilýär diýip düşünýärler.

Emma aeroporta barýan ýoluň petikli saklanmagyny “gözçykgynçlyk” hökmünde häsiýetlendirýän raýatlar hem bar. Hatda aeroportyň häzirki ýumrulan we geljekde täzeden gurulmaly terminalyna barýan ýol hem öň ýapylmaýardy. Ýogsa, prezident ýa-da daşary ýurtly myhmanlar aeroportdan şol ýol boýunça geçýärdiler.

“Diňe prezident aeroporta barjak ýa-da aeroportdan gaýtjak bolanda, şol ýol ýapylýardy. Kosmanawtlar bulwary köçesi bolsa indi uzak wagtdan bäri ýapyklygyna galýar” diýip, Allaguly Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeşlikde aýtdy.

Aşgabadyň içindäki gadagan edilen VIP köçelerden başga-da, Pöwrizä ýa-da häzirki atlandyrylyşy ýaly Arçabile barýan ýokarky şosse hem "Saglyk ýolunyň" ýanyndan başlap, tä Arçabile çenli ýönekeý awtomobilistler üçin ýapyk.

Giden bir uly şosseniň ýapylmagy hem her gün diýen ýaly bu trassadan prezidentiň şäheriň daşyndaky Arçabildäki rezidensiýasyna gatnaýanlygy bilen baglanyşdyrylýar.
XS
SM
MD
LG