Paýtagtyň “Aşgabat” medeni dynç alyş seýilgähi, il içinde has köp "birinji park" diýip atlandyrylýar. Bu parkyň durky täzelenip, onda çagalar üçin birnäçe attraksionlar gurulupdyr. Şeýle-de parkyň çäginde “Dinozawrlar jeňňeli” bölümi hem bar. Bu ýerdäki dinozawrlar emeli janlandyrylyp olar dürli hereketleri edip, dürli sesleri çykarýarlar. "Aşgabat" seýilgähiniň düýbi 1887-nji ýylda tutuldy. 1890-njy ýylda "Ofiserler parky" diýip bu park döredilýär. Sowet döwründe bu park "Lenin" adyny göterýän eken. e
Özgerdilen 'Birinji park'

1
Seýilgähiň plany

2
Seýilgähiň resmi ady "Aşgabat" bolsa-da, il içinde oňa has köp "birinji park" diýlip ýüzlenilýär.

3

4
Seýilgähde çagalaryň oýnamagy üçin täze mümkinçilikler döredilipdir.