Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Batyl gazak sapak okadýar


Adyl Uralbaýew.
Gazagystanly bir ýetginjek wideo oýunlary halaýar we ol özi ýaly maýyp çagalaryň hem wideo oýunlaryndan habarly bolmagyny isleýär.

Öz deň-duşlary ýaly, 16 ýaşly Adyl Uralbaýew hem Internete güýmenmegi we dürli saýtlardaky oýunlary oýnamagy diýseň halaýar. Şeýle güýmenjeler gazagystanly ýetginjekleri daşky dünýä bilen tanyşdyrýar. Ynha, Uralbaýewiň hem bütindünýä torunda bile oýun oýnaýan köp sanly dostlary bar.

Bu ýagdaý ony arzuwyny hakykata öwürmäge höweslendirdi. Onuň arzuwy kompýuter oýunlaryny Gazagystandaky özi ýaly batyl hem-de maýyp çagalara elýeterli etmek we olar bilen wideo oýunlary paýlaşmak.

Dogulanda batyl bolup doglan Uralbaýew Internetiň öz durmuşyny düýbünden üýtgedendigini aýdýar. Kompýuterde özi ýaly maýyp çagalar üçin niýetlenen güýmenje programmalaryny öndürmek boýunça alnyp barylýan ýörite işler bilen Uralbaýew hem gyzyklanýar. Ýöne, gynansagam, Gazagystanda bu mümkinçilik hemmä elýeterli däl.

Şonuň üçinem özi ýaly batyl hem-de maýyp çagalaryň Internete girip bilmeklerini amala aşyrmaga ýardam bermek üçin Uralbaýew Gazagystanyň Garaganda şäherinde ýörite kurslara işjeň gatnaşyp, öz deň-duşlaryna kompýuter sapaklaryny okadyp başlady.

Maýyp çagalara kömek bermek maksady bilen döredilen “Akbota” merkezi Uralbaýewiň hepdede bir gezek öz merkezlerinde kompýuter sapaklaryny geçmegine mümkinçilik döretdi.

Merkeziň müdiri Saule Alşynbaýewa bu barada şeýle gürrüň berýär: “Bu töwerekde köp sanly batyl çaga ýaşaýar. Adyl Uralbaýew olara kompýuteri ulanmagyň tilsimlerini öwredýär. Biz Adyla şeýle mümkinçiligi döretdik. Görüp otursak, onuň başarnygy biziň talaplarymyzy artykmajy bilen ödeýär. Bu ugurda geçilýän sapaklar ýaňy-ýakynda açyldy. Ýöne, muňa garamazdan, çagalaryň kompýuter ugry boýunça eýýäm kämilleşip başlandyklaryna şaýat bolýarys”.

Şertleriň ýetmezçiligi...

Gürrüňi edilýän ýörite kurslara gatnaşmaga isleg bildirýän çagalaryň sany köp. Ýöne maýyplara niýetlenen ýörite kompýuterleriň sany az bolansoň häzirlikçe isleg bildirýän çagalaryň hemmesini kursa ýazmaga mümkinçilik ýok.

Uralbaýew ýörite maýyplar üçin niýetlenen kompýuterleri satyn almakda hemaýatkär taparyn diýip umyt edýär.

Adylyň ejesi Adylýa Uralbaýewa ogly barada şeýle gürrüň berýär: “Meniň oglum entek 11 ýaşynda wagty Internet tehnologiýasy bilen gyzyklanyp başlady. Ilki bilen ol öz mobil telefonyna maýyplar üçin niýetlenen ýörite programmany gurnady. Şondan soň ol öz kompýuterini hem bu ugur boýunça uýgunlaşdyrdy. Sebäbi Adyl kompýuter oýunlaryny oýnamaga höwes edýärdi”.

Uralbaýewiň iň halaýan oýny “The Meadow”, ýagny “Çemenlik” diýlip atlandyrylýar. Ol agzalýan oýun batyl kompýuter ulanyjylarynyň arasynda örän meşhur we muňa adaty kompýuter ulanyjylar düşünmeýärler diýýär.

Uralbaýew Gazagystanda batyl we maýyplar üçin niýetlenen kompýuter programmalarynyň we kompýuter oýunlarynyň sanyny köpeltmäge goşant goşmak isleýändigini gürrüň berýär. Munuň üçin ol internetde özüne kömek berjek dostlarynyň bardygyny aýdýar.

Gazagystanyň Zähmet we Sosial meseleleri boýunça ministrliginiň hasabatyna görä ýurtda 3500 sany batyl we maýyp çaga ýaşaýar. Ýöne paýtagt Astanada we ýurduň beýleki şäherleriniň hiç haýsysynda ýörite maýyplar üçin niýetlenen okuw mümkinçilikleri ýok.

Häkimiýetler üstümizdäki ýylda ýörite maýyplar üçin niýetlenen 365 orunlyk mekdep we çagalar bagyny gurmagy meýilleşdirýändiklerini aýdýarlar. Şeýle-de hökümet bu ýörite mekdeplerde sapak geçjek mugallymlary taýýarlamak boýunça hem serişde sarp ediler diýýär.

Häzirlikçe Uralbaýew başardygyndan bu ugurda gaýrat sarp edýär. Ol: “Käşgi mende Braýl elipbiýsinde ýazylyp, ýörite körler üçin niýetlenen kitaplar bolsady. Bizde käbir kitaplar bar, ýöne olar gaty köne we mekdebimizdäki çagalaryň hemmesine ýeterlik däl. Bizde Geografiýa sapaklary üçin niýetlenen kartalar ýok. Printer hem ýok” diýip, gürrüň berýär.

Muňa garamazdan, onuň kompýuteri bar. “Kompýuterler bolsa adamyň durmuşyny özgerdýär”.
XS
SM
MD
LG