Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aknabat: "Pensiýalar galdy, harytlar has-da galdy"


Garry ene.
Garry ene.
Anna güni geçirilen hökümet maslahatynda Türkmenistanda şu ýylyň başyndan bäri aýlyklaryň 11,8%, pensiýalaryň bolsa 15% ýokary göterilendigi aýdyldy. Maglumatda şol bir wagtyň özünde bazardaky harytlaryň nyrhlarynyň kesgitlenen çäkde saklanandygy aýdylýar.

Emma käbir türkmenistanlylar bolsa, aýlykdyr, pensiýalaryň ýokary göterilmegi bilen birlikde bazardaky harytlaryň nyrhlarynyň has-da köp ýokarlanandygyny aýdýarlar.

Şeýle ildeşlerimiziň biri hem maryly 68 ýaşyndaky pensioner zenan Aknabat Bekdurdyýewa. Ol pensiýanyň ýokarlandyrylmagynyň gowudygyny aýdyp, emma onuň bilen birlikde bazardaky harytlaryň bahalarynyň has-da ýokary göterilendigine şikaýat edýär.

Azatlyk Radiosynyň maryly Aknabat daýza bilen geçiren söhbetdeşligini diňlemek üçin aşakdaky düwmä basyň.
please wait

No media source currently available

0:00 0:03:01 0:00
Ýükle
XS
SM
MD
LG