Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Russiýa: Ukraina baradaky rezolýusiýa ýatyryldy


Russiýanyň parlamentiniň ýokary öýi Rus armiýasynyň Ukraina goşulyşmagyna rugsat berýän ygtyýarlygyny yzyna çekmek baradaky rezolýusiýany goldap ses berdi.

Gürrüňi gidýän rezolýusiýany yzyna çekmek baradaky taslamany 25-nji iýunda Russiýanyň Federasiýa geňeşiniň senatorlarynyň 153-si goldady, biri hem garşy çykdy. Mart aýynda kabul edilen bu rezolýusiýa, eger-de zerur bolsa, Russiýa öz harby güýçlerini Ukrainada ulanmaga ygtyýar berýärdi.

24-nji iýunda Putin Awstriýada resmiler bilen gepleşikleri geçirmäge gitmezden öň, gürrüňi edilýän rezolýusiýa barada resminamany çykarmagy geňeşden haýyş edendigini yglan edipdi. Russiýanyň Federasiýa geňeşiniň senatorlary tarapyndan geçirilen ses berlişigiň netijesi derhal güýje girer.

24-nji iýunda Ukrainanyň prezidenti Petro Poroşenko ýurtdaky krizisi çözmek üçin Russiýa tarapyndan “ädilen ilkinji amaly ädim” diýip, Putiniň bu hereketini gowy garşylady.

XS
SM
MD
LG