Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin Günbatary Ukrainadaky krizisi tutuş regiony durnuksyzlaşdyrmak üçin ulanmaga çalyşmakda aýyplady.
Putin 1-nji iýulda Moskwada, ýurduň Daşary işler ministrliginde rus ilçileri bilen ýylda iki gezek geçirilýän duşuşykda çykyş edip, «Ukrainada Günbatar tarapyndan prowasirlenen wakalar Orsýete garşy gönükdirilen nyşanalaýyn togtadyş syýasaty boldy» diýdi.
Şeýle-de ol Günbataryň Orsýete garşy sanksiýalaryny «syýasy gural» hökmünde häsiýetlendirdi.
Ol Moskwa Waşington bilen diňe deň esaslardaky dialoga taýýar diýdi we biziň ählimize Ýewropada Siriýa, Liwiýa, Yrak, Ukraina hadysalyrynyň ýokanç kesele öwrülmezligi üçin ätiýaçlandyryş tory gerek diýdi.
Şonuň ýaly-da ol Orsýetiň daşary ýurtlardaky etniki ruslary goramagy, şol sanda syýasy, ykdysady we ynsanperwer manysyndaky çäreleri ulanmagy dowam etdirjegini aýtdy.
Ukrainanyň prezidenti Petro Poroşenko hakynda gürrüň açyp, Putin orsýetli we ýewropaly partnýorlaryň ony «zorluk ýodasyndan gitmezlige yryp bilmändiklerini» aýtdy.
Ol Poroşenko 30-njy iýunda gündogardaky orsýetçi separatistler bilen 10 güne çeken ýaraşyk möhletini uzaltmazlyk baradaky karara gelende, Ukrainadaky söweş hereketleriniň başyna goýberilmeginiň jogapkärçiligini öz üstüne aldy diýdi.
Şeýle-de Putin Kiýewi Orsýetiň ýurduň gündogarynda işleýän metbugat wekillerini ýok etmek boýunça nyşanalaýyn programmany amala aşyrmakda aýyplady.
Ol žurnalistleri öldürmek düýpden kabul ederlik däl we men muny düýn Ukrainanyň prezidentine ýene bir gezek aýtdym diýdi.
Onuň bu bellikleri Orsýet telewideniýesiniň kameraçysynyň Donetsk regionynda, 30-njy iýunda Kiýewe tarapdar harby birikmäniň golaýynda öldürilmeginiň yz ýanyna gabat geldi.
Anatoliý Klýan bu konfliktde ýogalan üçünji rus žurnalisti bolup, umumy öldürilen žurnalistleriň bäşinjisidir.
Şeýle-de Putin Kiýewi gaz nyrhlary baradaky gepleşiklerde şantažy, haýbat atmagy ulanmakda aýyplady. Ol Kiýewiň rus gazy üçin düýpden heňe gelmeýän nyrhlary talap edýändigini öňe sürdi.