Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Saýlawlaryň bolup biljek ähtimallyklary


Adamlar prezident Hamid Karzaýyň köçedäki porteriniň deňindan geçip barýarlar. Kabul, 26-njy iýun, 2014.
Adamlar prezident Hamid Karzaýyň köçedäki porteriniň deňindan geçip barýarlar. Kabul, 26-njy iýun, 2014.

Owganystandaky prezident saýlawlary petige diredi. Biz bu ýagdaýda gelýän günlerde we hepdelerde bolmagy mümkin käbir ssenariýalara göz aýlamaga çalyşdyk.

Owganystanda geçirilen prezident saýlawlarynyň ahyrky netijeleri aýan edilmezinden öň onuň kanunylygy sorag astyna alnyp başlandy.

14-nji iýunda Abdylla Abdylla bilen Aşraf Ganiniň arasynda geçirilen ikinji tapgyr bäsleşik, iki kandidatyň hem özüni ýeňiji diýip görkezmegi we hiç tarapyň ýeňlişi kabul etmezligi, giň ýaýrandygy aýdylýan gaplyk aýyplamalary bilen, gümürtik bir ýagdaýa düşdi.

Abdylla Ganiniň peýdasyna «göz-görtele galplyk» edilýändigini aýdyp, ony 2 million galp ses almakda aýyplady we saýlaw prosesini boýkot etdi. Gani bolsa saýlawlaryň degişlilikde arassa bolandygyny we özüniň 1 milliondan gowrak sesi köp gazanandygyny aýtdy.

Owganlaryň 6-njy ýa-da 7-nji iýulda yglan edilmeli deslapky netijelere garaşmagy bilen, uzyn şikaýatlar pursatynyň öňünden birnäçe ssenariýanyň ähtimallygy döreýär.

Eglişik ýeňliş

Abdylla bilen Gani il ortalaýyn, ýagny açyk ýagdaýda bu petikden çykaryp biljek ylalaşyga juda az isleg bildirdi.

Emma kandidatlaryň her biri aýratynlykda, BMG-niň araçylyk etmeginde, Garaşsyz saýlaw komissiýasy bilen gepleşik geçirdi. Iş başyndan gidýän prezident Hamid Karzaý we onuň iki wise-prezidenti – Ýunus Kanuny bilen Karim Halili dagy hem - degişli kandidatlar bilen gepleşik geçirdiler.

Bu gepleşikler şu wagta çenli o diýen kän miwe bermedi, emma synçylar, haýsy kandidatyň ýokaryk çykjagyna garamazdan, häkimiýet bölünişigi babatda ylalaşmak ähtimallygynyň mümkindigini aýdýarlar.

Kabul uniwersitetinde syýasat ylmyndan leksiýa berýän Nasrullah Stanikzai Kabuldaky protestlere we etniki dartgynlyklaryň ýokarlanmagyna ünsi çekip, şeýle netije çykarýar: «Soňky wakalary nazara alsaň, olar bir ylalaşyga geljege meňzeýän ýaly görünýär. Kanuna ters hem bolsa, bu syýasy taýdan ýerlikli bir çäre."

Resmi bolmadyk netijeler saýlawlaryň aprelde geçirilen birinji tapgyrynda Abdylladan az ses alan Ganiniň ikinji tapgyrda ýeňşe tarap süýşendigini we munuň oňa islendik gepleşikde rüstemlik berjekdigini görkezýär.

Bu hili bolanda Abdylla Abdylla, bolmanda hususy ýagdaýda, Ganiden ýeňlendigini kabul eder. Muňa derek Abdylla premýer-ministriň roly we, ýa-da bolmasa, indiki düzüljek hökümetde onuň syýasy ýaranlary üçin hökümet wezipeleri teklip edilip biler.

Raýat urşy

Saýlaw petiginiň emele gelmegi bilen etniki dartgynlyklar güýçlenip, ýurt ýene-de 1990-njy ýyllarda görlen etnigara zorluklar ýaly zatlara dolanmasa ýagşy diýen aladalar ýokarlandy. Bäsdeş kandidatlaryň arasyndaky ritorika ýitileşdi we zorluk haýbatlary atyldy. Abdyllanyň tarapyny tutýan protestçiler, eger öz talaplary ýerine ýetirilmese, güýç ulanmagy aradan aýyrmaýandyklaryny duýdurdylar.

Ýarym täjik, ýarym puştun bolan Abdyllanyň ýurduň demirgazygyndaky täjik jemgyýetçiliginde berk goldawy bar. Gani puştun bolup, onuň esasy goldaw bazasy puştunlaryň arasynda, Owganystanyň günortasynda we gündogarynda ýerleşýär.

Hu şu hem ýagdaýyň zorlukly wakalara baryp ýetjegi baradaky çaklamalara itergi berdi.

Emma Kabulda ýaşaýan syýasy kommentator Zubair Şafiki beýle boljagyna şübheli garaýar.

"Adamlar uruş-gowgadan argyn" diýip, Şafiki aýdýar. "Uruş olaryň boýnuna dakylýar, emma adamlar ony kabul etmez. Ýurt Aşraf Gani sebäpli-de, Abdylla üçin hem raýat urşuna girmez."

Başga bir tarapdan, Kabuldaky Halkara krizis toparynyň uly analitigi Graýeme Smitiň pikirine görä, eger bu ýerde ylalaşyk gazanylmasa, ýurduň degişlilikde parahatçylykly demirgazygynda dartgynlyklar ýokarlanar.

Ganiniň saýlawdaky ikinji wise-prezident egindeşi, ozalky uruş serkerdesi Abul Raşid Dostum bilen Abdyllanyň esasy goldawçysy, Balh welaýatynyň gubernatory Atta Mohammad Nur ganym duşman. Olaryň ýurduň demirgazygyna kontrolluk ugrundaky göreşiniň zorluga ösüp geçmegini çaklamak üçin hiç hili çişirme ýa ulaltma gerek däl.

"Meniň pikirimçe, eger demirgazykdaky toparlar hem günorta toparlaryň bireýýämden bäri söweşişi ýaly söweşmäge başlasalar, uruş täze demirgazyk ölçeglerine eýe bolar" diýip, Smit aýdýar.

Käbir synçylar bolsa, eger häkimiýeti paýlaşmak babatda kabul ederlikli ylalaşyga gelinmese, ýurt bölünip hem biler diýen pikiri öňe sürýärler.

"Eger ylalaşyk gazanylmasa, demirgazykdaky käbir adamlar özleriniň merkezi hökümetden garaşsyzlyklaryny jar ederler" diýip, Kabulda ýaşaýan syýasy synçy Ahmad Saýeedi aýdýar. "Olar eýýäm bu niýetlerini amerikanlara aýtdylar" diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.

Karzaý ornunda galýar

Owganlaryň käbiri bu emele gelen krizisde iş başyndan aýrylýan prezident Hamid Karzaýy günäleýär we onuň, häkimiýetde galmak üçin, häzirki bulaşyklygy öňünden taýýarlandygyny aýdýarlar.

Eger-de Abdylla bilen Gani dawany çözüp blmese, Karzaý teoriýa boýunça, çözgüt tapylýança häkimiýetde galmaly. Karzaýyň konstitusion ygtyýarlylygy maýda tamamlanýar, emma ol geçiş lideri hökmünde işini dowam etdirip biler. Onsoň onuň özüniň we iki wise-prezidentiniň Gani bilen Abdyllanyň arasynda araça öwrülmegi netijesinde, Karzaý gelip çykjak netijä hem täsir ýetirip biler.

Abdylla iş başyndan gidýän prezidenti hökümetiň adminstratiw serişdelerini Ganiniň peýdasyna ulanmakda günäledi. Şeýle-de Abdylla Karzaýy, geljekki hökümete kontrolluk etmek üçin, saýlawy galplaşdyrmakda aýyplady.

"Bu ssenariýa Karzaý tarapyndan ugrukdyryldy» diýip, Saýeedi aýdýar. Ol Karzaýyň ýene bäş ýyldan prezidentlige dalaş etmek üçin özüne ýer taýýarlaýandygyny öňe sürýär. "Karzaý indiki hökümetiň örän gowşak bolmagyny, bikanun diýlip pikir edilmegini isleýär" diýip, ol aýdýar.

Emma Şafiki başga pikirde. Ol ýurtda häkimiýetiň ilkinji gezek demokratik esasda çalyşmagyna gözegçilik etse, bu Karzaýyň bähbidine bolar diýýär. "Ol häkimiýeti geçiren we ýurtda demokratiýany ornaşdyran ilkinji owgan lideri hökmünde ýatda galmak isleýär» diýip, Şafiki aýdýar.

XS
SM
MD
LG