Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabat: ADSL hyzmatynyň güzaplary


AşTU-nyň web-sahypasy bolmansoň, müşderileriň öz billing hasabyny internet arkaly bilmäge mümkinçilikleri ýok.
AşTU-nyň web-sahypasy bolmansoň, müşderileriň öz billing hasabyny internet arkaly bilmäge mümkinçilikleri ýok.

Geçen ýylyň noýabr aýyndan Aşgabadyň telefon ulgamy (AşTU) limitsiz ADSL internet hyzmatyny hödürläp başlady. AşTU-nyň bu internet hyzmaty öň elýetmez bolan ADSL internedi ilat köpçüligine elýeterli etdi. Tizligi sekuntda 128 kilobit we 256 kilobitlik bu limitsiz ADSL internet hyzmaty üçin aýda degişlilikde 100 we 250 manat tölemeli.

Limitsiz ADSL Internet hyzmaty bilen birlikde ýurda IPTV, ýagny Internet arkaly görülýän telewideniýe, ýagny telekanallar toplumy hem geldi. ADSL Internet hyzmatyndan aýratynlykda hödürlenýän we ýurt üçin täzelik bolan bu hyzmatyň çäklerinde 80 sany telekanala tomaşa etmäge mümkinçilik bar. Adaty telefon liniýasy arkaly ýaýradylýan IPTV telekanallaryna kompýuterde-de, ýörite Tuner arkaly telewizorda-da tomaşa edip bolýar.

Bäsleşik

Özboluşly kabel telewideniýesine meňzeş bu hyzmaty üçin AşTU öz müşderilerinden her aýda 10 manat abonent tölegini alýar. AşTU-nyň IPTV pleýlisti ýa-da telekanal sanawy, esasan, Türkmenistanyň, Russiýanyň, Türkiýäniň telekanallaryndan ybarat bolup, olaryň sany 80-e ýetýär.

Mundan ozal internet bilen hiç hili baglanyşygy bolmadyk Aşgabadyň telefon ulgamy edarasynyň ýurduň internet hyzmatlary bazaryna girmegi bilen paýtagtlylara internet hyzmatyny saýlamaga mümkinçilik döredi. Mundan başga-da öň ýeke-täk ADSL internedi hödürleýän “TürkmenTelekom” prowaýderini hem öz hyzmatlaryny arzanlatmaga mejbur etdi. Şu ýylyň fewral aýynda TürkmenTelekom hem öz tariflerini arzanladyp, edil AşTU-nyňky ýaly nyrhda limitsiz ADSL hyzmatyny hödürläp başlady.

Emma baha taýdan elýeterli bolan AşTU-nyň limitsiz ADSL internet hyzmatyny paýtagtyň käbir raýonlarynda doly ulanyp bolmaýar. Şäheriň “Hitrowka” we “Posýolka” diýip atlandyrylýan raýonlarynda Internediň bu görnüşiniň hili örän pes. Bu raýonlaryň ýaşaýjylarynyň käbirleriniň aýtmaklaryna görä, Internediň tizligi wada berlen tizlige ýetip bilenok.

Meseleler

Internediň asla işlemeýän halatlarynyň-da seýrek däldigini şol raýonlaryň ýaşaýjylary aýdýarlar. Adaty telefon liniýalary arkaly ýaýradylýan AşTU-nyň limitsiz ADSL Internediniň bu halyndan şikaýat edýänlere bolsa şol edaranyň işgärleri “liniýa gowy däl” diýip jogap berýärler. Hatda bu kemçilikleri aradan aýyrmagy wada hem berýärler.

Emma häzire çenli üýtgeýän zadyň ýokdugyny ýokarda ady agzalan raýonlaryň Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeş bolan ýaşaýjylary gürrüň berýärler. Şol bir wagtda hem Internediň bu görnüşiniň gowy işleýän raýonlary diýlip hasaplanýan raýonlarda hem bar zat gülala-güllük däl.

Telefon liniýalary gowy diýlip hasaplanýan paýtagtyň Parahat, 30-njy, 6-njy mikroraýonlarynda hem aram-aram dürli näsazlyklar ýüz berýär. Mysal üçin, kä günler tizlik birden 50-60 kilobite çenli peselip, soňra bir-iki sagatdan kadalaşýar, ýa-da ýarym sagatlap Internet aragatnaşygy kesilýär.

Kähalatda bolsa bütin Aşgabat boýunça AşTU-nyň limitsiz ADSL Internedi dolulygyna kesilýär. Köplenç halatda bu näsazlyklaryň sebäbini AşTU-nyň işgärleriniň özleriniň hem bilmeýändiklerini aýdýan bolsalar, kähalatda bu näsazlyklaryň sebäbini profilaktiki işleriň geçirilýändigi bilen düşündirýäler.

IPTV

Bu hili kemçilikler AşTU-nyň hödürleýän IPTV hyzmatynda hem ýüz berýär. Paýtagtyň käbir raýonlarynda IPTV hyzmaty boýunça görkezilýän telekanallara kadaly tomaşa edip bolýan bolsa, käbir ýerlerde Internet telewideniýe asla hiç zat görkezmeýär.

Häzirki wagtda bolsa eýýäm birnäçe gün bäri AşTU-nyň IPTV hyzmaty işlänok. Diňe bu kärhananyň müşderilere hyzmat edýän bölümine jaň edip häzirki wagtda IPTV telekanallarynyň sanynyň artdyrylýandygyny we näsazlygyň şonuň bilen baglydygyny bilmek başartdy. Ýogsa, ilkibaşda IPTV-niň işlemezligi tehniki näsazlyklar bilen düşündürilipdi.

Bu kärhananyň işgäriniň beren maglumatyna görä, AşTU-nyň hödürleýän IPTV telekanallarynyň sany 140-a ýetirilmeli. Mundan ozal onuň IPTV hyzmatynyň pleý-listinde 80 sany telekanal bardy. AşTU-nyň IPTV hyzmatynyň pleý-listine indi Discovery, BBC world, Travel, NTW plýus ýaly telekanallar goşular. Bu iş tamamlanansoň, IPTV hyzmaty ýene-de işläp başlar diýip, AşTU-nyň işgäri habar berdi.

AşTU-nyň öz müşderileri bilen aragatnaşygynda-da käbir kemçilikler bar. Ýurtdaky beýleki internet prowaýderleriňki ýaly AşTU-nyň web-sahypasy bolmansoň, müşderiler kärhananyň işindäki täzeliklerden bihabar galýarlar. Onuň täze tarifleri baradaky maglumatlary diňe müşderilere hyzmat edýän ofislerinden ýa-da gazetlerden bilip bolýar.

Şeýle-de, AşTU-nyň web-sahypasy bolmansoň, müşderileriň öz billing hasabyny internet arkaly bilmäge mümkinçilikleri ýok. Ýogsa, munuň ýaly mümkinçilik beýleki Internet prowaýderlerde bar. Olaryň web-sahypalarynda müşderileriniň şahsy kabinetleri bolup, onda müşderiler özlerine degişli töleg we hyzmatlar barada maglumat alyp bilýärler.

Internet hyzmatyny geçen ýyl hödürläp başlandygyna garamazdan, bu kärhananyň Internet we IPTV müşderilerine hyzmat edýän ofisleriniň sany hem diňe ýaňy-ýakynda köpeldildi. Häzir müşderiler AşTU-nyň adaty telefon üçin pul tölenýän islendik kassasynda Internet we IPTV hyzmatlary üçinem töleg töläp bilýärler.

XS
SM
MD
LG