Kiýew Orsýetiň prezidenti Wladimir Putiniň Ukrainanyň gündogarynda gabawa düşen ukrain harbylarynyň yza çekilmegine ýol bermek üçin “gumanitar korridoryny” döretmek barada eden çagyryşynyň Moskwanyň konflikte gözegçilik edýändigini görkezýändigini aýdýar.
Ukrainanyň harbylarynyň 29-njy awgustda ýaýradan beýannamasynda Putiniň çykyşy diňe bir zady subut edýär – “separatistlere Kreml tarapyndan ýolbaşçylyk we gözegçilik edilýändigini” görkezýär, diýip bellendi.
Putin “Noworossiýa” diýip atlandyran ýerde gozgalaňçylary korridorlary açyp, gabawa düşen ukrain goşunlarynyň howpsuz yza çekilmegine rugsat bermäge çagyrdy.
Munuň yzýany öz-özüni ykrar eden Donetsk halk respublikasynyň hökümet baştutany Aleksandr Zaharçenko şeýle diýdi: “Biziň ählimiz, bize ilkinji nobatda, moral taýdan ýardam berýän ýurduň prezidenti Wladimir Putine hormat goýýarys we gabawdaky ukrain goşunlaryna “koridor” döretmäge taýýar”.
NATO-nyň ilçileri 29-njy awgustda Brusselde adatdan daşary duşuşyk geçirip, Ukrainadaky krizisi maslahat etdiler, mundan bir gün öň ABŞ Ukrainadaky konflikt bilen baglylykda Orsýeti aýyplady we onuň öz roly barada “açyk ýalan” sözländigini aýtdy.
NATO Ukrainada 1000 çemesi orsýet harbysynyň hereket edýändigini aýtdy we Urainada Orsýete degişlidigini aýdýan artilleriýa goşunlarynyň satellit suratyny çap etdi.
Orsýetiň Goranmak ministrligi suratlary ret etdi.