Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

"Putin SSSR-i dikeltjek bolýar"


Arseniý Ýatsenýuk Wladimir Putiniň maksady Ukrainany garaşsyz ýurt hökmünde dargytmakdan ybarat diýdi.
Arseniý Ýatsenýuk Wladimir Putiniň maksady Ukrainany garaşsyz ýurt hökmünde dargytmakdan ybarat diýdi.

Ukrainanyň premýer-ministri Arseniý Ýatsenýuk rus prezidenti Wladimir Putiniň maksady Ukrainany garaşsyz ýurt hökmünde dargytmakdan ybarat diýdi.

"Onuň maksady tutuş Ukrainany almak... Ol Ukrainanyň garaşsyz ýurt hökmünde ýok etmek isleýär" diýip, Ýatsenýuk aýtdy.

Ýatsenýuk 13-nji sentýabrda, Kiýewde ukrain we günbatar kanun çykaryjylarynyň, biznesmenleriň gatnaşmagynda guralan halkara konferensiýada çykyş etdi we Putini «Sowet Soýuzyny dikeltjek bolmakda» günäledi.

Şeýle-de ol, hökümet güýçleri bilen orsýetçi separatistleriň gündogardaky bäş aýlyk konflikti soňlamak üçin ýaraşyk baglaşandyklaryna garamazdan, «Ukraina şindem uruş ýagdaýynda we esasy agressor Orsýet Federasiýasy» diýdi. ses


Ol Ukrainanyň gündogarynda «Putin ýene bir doňdurylan konflikt isleýär» diýdi.

Ýatsenýuk 5-nji sentýabrda baglaşylan ýaraşygy «gyrgynçylygy bes etmek üçin ädilen ilkinji ädim» hökmünde häsiýetlendirdi.

Şeýle-de ol «Orsýet dünýä düzgünine we tutuş Ýewropanyň howpsuzlygyna wehim» bolup durýar diýdi.

Geljekde NATO agza bolmak baradaky soraga jogap berip, Ýatsenýuk özüniň bu ýaranlygyň Kiýewi kabul etmäge taýýar däldigine göz ýetirendigini aýtdy. Emma ol «häzirki aýratyn alnan ýagdaýlarda NATO-nyň Ukrainany goramakdaky ýeke-täk guramadygyny» hem sözüne goşdy.

Ýatsenýuk Moskwanyň ukrain konfliktindäki roly üçin Orsýete garşy Ýewropa Bileleşigi we Birleşen Ştatlar tarapyndan girizilen sanksiýalaryň täze tolkunynyň rus ykdysadyýetine uly howp salýandygyny hem belläp geçdi.

Birleşen Ştatlar we Ýewropa Bileleşigi tarapyndan yglan edilen sanksiýalar 12-nji sentýabrda utgaşdyrylan çäre bolup, Orsýetiň energiýa, goranyş we bank pudaklaryny nyşana alýar.

Kiýew bilen Günbatar döwletleri Orsýetiň gündogar Ukrainadaky separatistleri goldap, olara ýarag we goşun kömegini iberýändigine delil bar diýýärler. Moskwa muny inkär edýär we günbatar sanksiýalary üçin jogap çäresini görjegini aýdýar.

XS
SM
MD
LG