Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Özbegistan: Studentiň ölümi derňelýär


Özbegistanda mejbury pagta ýygymda heläk bolan uniwersitet studentiniň garyndaşlary bu waka boýunça iş gozgamak üçin regional prokuratura ýüz tutdular.

Şamsiddin Bobosaidowyň garyndaşlary 19 ýaşly studentiň ony özlerine derek işletmek islän has uly ýaşly studentler tarapyndan urlup-öldürilendigini aýdýarlar.
Bobosaidow 2-nji oktýabrda Syrderýa welaýatynda öldi.

Bu waka şu ýyl Özbegistanda pagta ýygymda bolan 19 sany ölüm wakasynyň diňe biridir. Özbegistanda studentler we döwlet işgärleri pagta ýygyma gatnaşmaga mejbur edilýärler.

Güliston etrabynyň resmileri merhum Bobosaidowyň garyndaşlarynyň ýüzlenmesiniň 20-nji oktýabrda hasaba alnandygyny Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosyna aýtdylar.

Özbegistanyň häkimiýetleri raýatlary pagta ýygyma mejbury çekmekde tankyt edilýärler.

XS
SM
MD
LG