Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ukraina: Ýewropa tarapdar partiýalar ýeňiş gazandy


Ukrainanyň prezidenti Petro Poroşenko
Ukrainanyň prezidenti Petro Poroşenko

Ukrainanyň Ýewropa tarapdar syýasy partiýasy ýurduň ähmiýetli parlament saýlawlarynda kesgitleýji ýeňiş gazandy. Gündogar Ukrainadaky orsparaz separatistlere garşy ençeme aý bäri dowam edýän çaknyşyklardan we ýurtda bir ýyldan bäri dowam edýän syýasy durnuksyzlykdan soň, ukrainler bu saýlawlaryň ýurdy berkleşdirjekdigine umyt baglaýarlar.

27-nji oktýabrda mälim edilen bölekleýin netijelere görä, parlament saýlawlarynda Ukrainanyň premýer-ministri Arseniý Ýatsenýugyň “Halk fornty” partiýasy 21,6% we prezident Petro Poroşenkonyň blogy 21,51% ses alypdyr.

26-njy oktýabrda geçirilen saýlawlarda býulletenleriň 40%-niň sanalmagy netijesinde düýbi günbatar Ukrainada ýerleşýän Ýewropa tarapdary “Samopomiç” ýagny, “Özüňe ynan” atly partiýa saýlawlarda 11% ses alyp, üçünji ýerde barýar.

"Goldaw"

Poroşenko 26-njy oktýabrda Ukrainanyň milli telewideniýesinde eden çykyşynda, ses berijiler “Ukrainanyň Ýewropa barýan ýoluna, yzyna gaýtaryp bolmajak we güýçli goldaw” berdiler diýdi.

Şeýle-de Poroşenko ses berişlikleriň ýurduň gündogaryndaky orsparaz separatsitler bilen konflikti bes etmek üçin amala aşyrylýan “syýasy çärelere” goldawy hem alamatlandyrýandygyny belledi.

Gündogar Ukrainadaky gür ilatly territoriýalary gabawa alan orsparaz separatistler bilen ukrain hökümet güýçleriniň arasynda şu ýylyň aprel aýyndan bäri bolan çaknyşyklarda 3 müň 700-den gowrak adam öldi we 5-nji sentýabrda yglan edilen ok atyşygy bes etmek baradaky karara garamazdan, bu sebitde çaknyşyklar heniz hem dowam edýär.

Şol bir wagtyň özünde ukrain prezidentiniň websahypasynda çap edilen beýanatda Poroşenko “demokratik we reformaçy Ukrainanyň tarapdary we Ýewropany nazarlaýan ösüşiňtarapdary bolan köpçülige” bu syýasaty goldany üçin sagbolsun aýtdy.

Şeýle-de koalision gepleşikleriň 27-nji oktýabrda başlajakdygyny belläp, premýer-ministr Ýatsenýugyň “Halk fronty” partiýasyny öz blogunyň “iň esasy partnýory” diýip atlandyrdy.

Saýlawlarda 5% ses almak baradaky barýery geçmek we ýurduň “Ýokary Rada” atly ýeke palataly Parlamentine girmek üçin saýlawlara başga-da üç partiýa, şol sanda Ýanukowiçiň ozalky partiýasyndan çykanlaryň köpüsiniň birleşmegindäki “Oppozision blok” gatnaşdy.

Beýlekiler

Soňky netijelere görä, Ukrainanyň parlament saýlawlarynda “Oppozision blok” 9,7%, aşa milletçi Oleh Lýaşenkonyň “Radikal partiýasy” 7,5%, we ýurduň öňki premýer-ministri Ýuliýa Timoşenkonyň “Batkiwşina” partiýasy 5,8% ses aldy.

Bölekleýin netijeler ukrain parlamentinde ýerleriň ýarpysyny doldurjak diňe partiýanyň ses berişligini öz içine alýar. Galanlaryny bolsa etraplaýyn geçirilen saýlawlaryň ýeňijileri doldurar.

Bölekleýin netijelere görä, aşa milletçi “Sagçy sektor” atly toparyň lideri Dmitro Ýaroşyň öz etraby Dnepropetrowsk regionynda öňde barýandygyny görkezýär.

Krym sebitinde we orsparaz separatsitleriň kontrollygyndaky Lugansk we Donetsk regionlarynda 5 million çemesi adam saýlawlara gatnaşmady.

Saýlaw resmileri ýurduň iki welaýatyndaky 32 etrap saýlaw komissiýalaryndan 15 sanysynyň işlemändigini habar berdiler. Bu bolsa ukrain parlamentindäki 450 ýeriň 27 sanysynyň boş galjakdygyny aňladýar.

Russiýa tarapyndan ýiti tankyt edilýän we ykdysady reformalara beren goldawlary bilen günbatar hökümetleriniň arasynda meşhurlyga eýe bolan Ýatsenýuk özüniň 26-njy oktýabrda beren maglumatynda dolandyryjy koalisiýanyň “mümkin boldugyndan çalt” düzülmelidigini mälim etdi.

“Men Ukrainanyň prezidenti bilen duşuşdym we biz iň gysga wagtyň dowamynda koalisiýany düzeris. Şeýlelikde täze hökümet we täze parlament ýurt üçin wajyp bolan reformalary örän çalt we netijeli görnüşde amala aşyryp biler” diýip, Ukrainanyň premýer-ministri Arseniý Ýatsenýuk belledi.

XS
SM
MD
LG