Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Lawrow: Orsýet separatistleriň saýlawlaryny ykrar eder


Orsýetiň daşary işler ministri Sergeý Lawrow
Orsýetiň daşary işler ministri Sergeý Lawrow

Orsýetiň daşary işler ministri Sergeý Lawrow Moskwanyň gündogar Ukrainada 2-nji noýabrda geçiriljek saýlawlary ykrar etmekçidigini aýtdy.

"Izwestiýa" gündeliginde 28-nji oktýabrda çap bolan interwýusynda Lawrow: “Biz, saýlawlar edil ylalaşylyşy ýaly amala aşyrylar diýip umyt edýäris, we biz, elbetde, onuň netijelerini ykrar ederis” diýdi.

Donetsk we Lugansk şäherlerinde orsýetçi gozgalaňçylaryň liderleri özlerini, hamana “halk respublikasy” diýip atlandyrýan regionlarynda saýlaw geçirip, öz parlamentlerini we öz liderlerini saýlamak planlaryny yglan etdiler.

Kiýew, ABŞ we ýene birnäçe ýurt şol saýlawlaryň kanuny güýjüniň bolmajagyny we halkara derejesinde kanuny diýip ykrar edilmejegini duýdurdylar.

"Ykrar etmezlige esas ýok"

uňa garamazdan, Lawrow bir wagtda geçiriljek saýlawlaryň regionlaryň orsýetçi ýolbaşçylarynyň “häkimiýetini kanunlaşdyrmak nukdaýnazaryndan ähmiýetli” bolup biljekdigini belledi.

Şol bir wagtyň özünde-de Interfaks habar agentligi Kremliň metbugat wekili Dmitriý Peskowyň 28-nji oktýabrda sözlän sözünden sitata getirip, Orsýetiň Donetskde we Luganskda planlaşdyrylan saýlawlary ykrar etmezligine hiç hili sebäbiň ýokdugyny habar berdi.

Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň ýokary derejeli resmisi Orsýetiň gündogar Ukrainadaky planlaşdyrylýan saýlawlary ykrar etmek niýetini tankytlady we munuň regionda alty aý bäri dowam edýän konfliktiň soňuna çykmak boýunça tagallalara zyýan berýändigini belledi.

Dmitro Kulebanyň 28-nji oktýabrda Frans Press (AFP) agentligine aýtmagyna görä, Orsýetiň niýeti Minskde gelnen parahatçylyk ylalaşygyna gös-göni ters gelýär, dartgynlylygy gowşatmak we parahatçylykly çykalga tapmak boýunça ylalaşyga zeper ýetirýär we Orsýete ynamdar partnýor hökmünde bildirilýän ynamy hasam gowşadýar.

Separatistleriň gözegçiligindäki Donetsk we Lugansk regionlarynyň ses berijileri Ukrainada 26-njy oktýabrda geçirilen parlament saýlawlaryna gatnaşmadylar. Saýlawlarda Ukrainanyň geljegi meselesinde Ýewropany nazarlaýan partiýalar öňe çykdy.

Orsýetiň täsiri

Ukraina Orsýeti, Ukrainanyň gündogar regionlarynda bäsdeş saýlawlaryň geçirilmezligi üçin, separatistlere basyş etmäge çagyrypdy.

Emma Lawrow we Peskow Donetskde we Luganskda saýlawlaryň plana görä geçiriljekdigini aýtdylar. Şeýle-de Peskow Orsýetiň separatistlere täsiriniň “çäksiz däldigini” we munuň “çişirilmeli däldigini” aýtdy.

Ukrainanyň prezidenti Petro Poroşenko Ukrainada islendik ýerli saýlawlaryň ýurduň kanunlaryna laýyklykda geçirilmelidigini nygtady we Kiýewiň Donetskde we Luganskda saýlawlary ykrar etmejegini duýdurdy.

Kiýew Donetske we Luganska üç ýyl möhlet bilen “öz-özüni” dolandyrmak we 7-nji dekabrda ýerli saýlawlary geçirmek hukugyny berdi.

Orsýet mart aýynda Krymy Ukrainadan bölüp, öz düzümine goşansoň, Donetskde we Luganskda orsýetçi separatistler öz regionlarynyň garaşsyzlygyny yglan etdiler.

Geçen aýda gelnen ylalaşyk gündogar Ukrainadaky zorluklaryň ençemesiniň soňuna çykdy. Bu ýerde bäş aýyň dowamynda 3 600 çemesi adam wepat boldy.

XS
SM
MD
LG