Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kobaniniň goragy güýçlenýär


150 esgerden ybarat bolan peşmerge güýçleri, agyr ýaraglaryny getirýän ýük maşynlarynda, serhetden geçdiler.
150 esgerden ybarat bolan peşmerge güýçleri, agyr ýaraglaryny getirýän ýük maşynlarynda, serhetden geçdiler.

Yragyň kürt peşmerge güýçleri Kobani şäherinde YD jeňçilerine garşy söweşýän siriýaly kürtlere goşulmak üçin Türkiýäniň serhedinden Siriýa geçdiler.

Jemi 150 esgerden ybarat bolan peşmerge güýçleri 31-nji oktýabr agşamy, kiçi toparlarda, agyr ýaraglaryny getirýän ýük maşynlarynda serhetden geçdiler.

Siriýanyň kürt güýçleri YD söweşijilerine birnäçe hepdeläp gaýtawul berdiler we häzir şäheriň ýarysyna golaýyny elde saklaýarlar.

Kobaniniň onlarça müň ýaşaýyjysy we YD jeňçilerinden gaçan beýleki bosgunlar Türkiýeden gaçybatalga soradylar.

Peşmerge güýçleri Siriýa serhedine ýetenlerinde, ýol ýakasynda duran kürtler tarapyndan uly şatlyk şowhuny bilen garşy alyndy. Soweşijileriň köpüsi ýaraglaryny depelerinde galgadyp, «Kobani» Kobani!» diýip gygyrdylar.

Siriýanyň Britaniýadaky Adam hukuklary obserwatoriýasy peşmerge güýçleri şäheriň günbatar sektoryndan gelip girdi diýdi. Bu adamlar gaçmazyndan öň kürtleriň agdyklyk edýän ýeridi.

Şeýle-de bu gurama yrak kürtleriniň gelmeginiň ABŞ-nyň ýolbaşçylygyndaky halkara koalisiýa tarapyndan Kobaniniň golaýyndaky YD pozisiýalaryna üç howa zarbasynyň urulmagy bilen utgaşandygyny aýtdy.

YD sentýabryň ortasyndan bäri bu şäheri eýelemäge synanýar we golaýdaky kürt obalarynyň birnäçesini ele geçirdi.

Emma geçen aý başlanan howa zarbalary YD söweşijilerini möhüm şäheri eýelemekden saklamaga ýardam etdi.

Türkiýäniň prezidenti Rejep Taýyp Erdogan 31-nji oktýabrda ABŞ-nyň ýolbaşçylygyndaky koalisiýany Kobanä aşa kän üns berip, YD-nyň eýelän beýleki şäherlerini gözden salmakda tankyt etdi.

Prezident Erdogan Parižde, prezident Fransua Olland bilen duşuşykdan soň çykyp gürläp, «Kobanide hiç kim galmady diýen ýaly, näme üçin bu şäheri soňsuz bombalap durmaly?» diýdi.

Erdogan Siriýada koalisiýanyň howa zarbalaryndan ýardam tapjak başga-da şäherleriň bardygyny aýtdy we Idlibi mysal getirdi.

Türkiýe siriýaly kürtler tarapyndan goralýan we ençeme hepdeläp YD-nyň ilerlemesi astynda galan Kobanä kömekleşmekde ýeterlik iş etmeýändigi üçin halkara tankydyna sezewar boldy.

Damask Ankaranyň peşmerge güýçleriniň Türkiýeden Siriýa geçmegine rugsat bermek baradaky kararyny «Siriýanyň özbaşdaklygynyň gödek bozulmagy» hökmünde berk tankyt etdi.

Şu arada BMG-niň hasabatynda YD toparynyň görülmedik derejede daşary ýurt söweşijilerini toplaýandygy aýdyldy.

ABŞ-nyň soňky beren sanlaryna görä, YD-a her aýda müň çemesi daşary ýurt söweşijisi gelip goşulýar.

XS
SM
MD
LG