Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Russiýa polşaly diplomatlary çykardy


Russiýa ýakynda Warşawa tarapyndan birnäçe rus diplomatlarynyň yzyna ugradylmagyna gaýtawul hökmünde Polşanyň birnäçe diplomatyny ýurtdan çykardy.

17-nji noýabrda ýaýradylan beýanatda Russiýanyň Daşary işler ministrligi Polşanyň diplomatlaryny öz statusyna gabat gelmeýän işleri amala aşyrmakda aýyplady. Bu aňlatma köplenç içalyçylyk aýyplamalary üçin ulanylýar.

Rus ministrligi Warşawanyň gürrüňi gidýän aýyplamalar bilen birnäçe rus diplomatyny ýurtdan çykarandygy baradaky maglumaty tassyklady.

Beýanatda “hakykatdan hem Polşanyň resmileri dostluksyz we düýbünden esassyz şeýle ädimi ätdiler” diýilýär.

XS
SM
MD
LG