Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kiýew: Ukrainada 7,500 rus harbysy bar


Ukrainanyň goranmak ministri Stepan Poltorak
Ukrainanyň goranmak ministri Stepan Poltorak

Ukrainanyň gündogarynda, orsýetparaz separatistleriň hökümete garşy söweşýän sebitlerinde 7 müň 500 töwergi rus harbysy hereket edýär diýip, Ukrainanyň goranmak ministri maglumat berýär.

Stepan Poltoragyň 22-nji noýabrda ýaýradan beýanatynda “Russiýanyň 7 müň 500 töweregi harby güýçleri Ukrainadaky ýagdaýlary dartgynlaşdyryp, deňagramlygy ornaşdyrmak synanyşyklarynyň öňüni alýar” diýlip bellenýär.

Poltorak ýakyn geljekde Ukrainanyň “harby kuwwadyny has-da berkitmek” göz öňünde tutulýar diýip, nygtady.

Bu aralykda 22-nji noýabrda Kiýew resmileriniň beren maglumatyna görä, soňky 24 sagadyň içinde ýurduň gündogarynda 4 ukrain esgeri öldürilipdir, 10 golaýy hem ýaralanypdyr.

XS
SM
MD
LG