Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Ermenistan ar almaga wada berýär


Ermenistanyň goranmak ministri “häzirden başlap Azerbaýjan tarapyndan amala aşyryljak islendik öjükdirmä” garşy öz ýurdunyň ar aljakdygyny aýtdy. Bu barada Azerbaýjanyň bölüniji Daglyk-Garabag territoriýasynyň golaýyndaky dikuçaryň azeri güýçleri tarapyndan urlup aşak gaçyrylmagynyň yzýany mälim edildi.

Öz-özüni ykrar eden Daglyk-Garabag sebitiniň hökümet resmileri 12-nji noýabrda urlup aşak gaçyrylan “Mi-24” kysymly dikuçardaky üç ekipaž agzasynyň jesetleriniň tapylandygyny mälim edensoň, 22-nji noýabrda ermeni goranmak ministri Seýran Ohanian beýanat bilen çykyş etdi.

Ermenistan tarapyndan goldanylýan separatistler 1990-njy ýyllaryň başynda bolan uruşda Azerbaýjanyň Daglyk-Garabag sebitini ele salypdylar. Şol ýyllardaky uruşda 30 müň çemesi adam ölüpdi.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG