Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin 1-nji dekabrda Türkiýä saparynyň dowamynda Russiýanyň gazyny Ýewropa akdyrjak uly bir proýekt, ýagny “Günorta akym” proýektiniň “Ýewropanyň islegsizligi” zerarly ýatyrylýandygyny yglan etdi.
Bu beýanat Ukraindaky ýagdaýlar sebäpli, Orsýet bilen Günbataryň arasynda dörän dartgynly döwre gabat geldi. Ýewropanyň gaza bolan talabynyň dowam edýän häzirki wagtynda bu ýagdaý Türkmenistanyň öz gazyny Ýewropa akdyrmak tagallalary üçin nähili pursat döredýär?
Azatlyk Radiosyndan Muhammad Tahir bu we beýleki soraglar bilen Azerbaýjanyň Döwlet eýeçiligindäki iň uly nebit kärhanasy SOCAR-nyň ozalky prezidenti we türkmen ýolbaşçylary bilen ozal ýokary derejeli gepleşiklere gatnaşan Sabit Bagyrow bilen söhbetdeş boldy.
Azatlyk Radiosy: Orsýetden deňziň asty bilen guruljak gaz turbasy arkaly Ýewropa gaz akdyrmagy göz öňünde tutýan “Günorta akym” proýekti ýatyryldy, bu Azerbaýjanyň we Türkmenistanyň öz gazyny Ýewropa bazarlaryna satmak tagallalary nukdaýnazaryndan nämäni aňladýar?
Sabit Bagyrow: Elbetde, bu ýagdaýyň, agzalýan iki ýurduň nukdaýnazaryndan ähmiýeti gaty möhüm. Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan ummasyz gaz baýlygyna eýe. Ol öz gaz baýlygy boýunça dünýäde üçünji ýa-da dördünji orunda durýar.
Elbetde, Türkmenistanyň gaz baýlygy Ýewropa Bileleşigine girýän ýurtlary gyzyklandyrýar. Ýewropa Bileleşigi bu barada ençeme gezek beýanatlar bilen çykyş etdi we Türkmenistanyň hökümeti hem bu baradaky isleg-arzuwlaryny beýan edip gelýär.
Türkmenistanyň gaz baýlygy Ýewropa Bileleşigine girýän ýurtlary gyzyklandyrýar.Sabit Bagirow
Men “Günorta akym” proýektiniň goýbolsun edilmeginiň Ýewropa Bileleşiginiň türkmen gazyna bolan gyzyklanmasyny hasam güýçlendirjekdigini çak edýärin, şunlukda Transhazar gaz proýekti baradaky gürrüňler täzeden janlanar diýip pikir edýärin.
Şol bir wagtyň özünde-de Orsýet Türkmenistan bilen Azerbaýjana öz basyşlaryny güýçlendirmez diýip umyt edýärin. “Umyt edýärin” diýýärin, sebäbi Orsýetiň Ýewropa ýüzlenip, eger siz meniň gazymy almak islemeýän bolsaňyz, men Azerbaýjanyň we Türkmenistanyň gazynyň hem Ýewropa akdyrylmagyna ýol bermerin diýip, bu ugurda hereket etmegi mümkin.
Orsýetiň şeýle pozisiýany eýelemegem mümkin, sebäbi biz munuň ýaly ýagdaýlara geçmişde hem şaýat bolduk. “Günorta akym” proýekti nähili ýüze çykdy? Haçan-da 2000-nji ýyllarda NABUCCO gaz proýekti barada ylalaşyga gelnip, bu barada işler başlananda, Orsýet oňa garşy çykyp, deregine öz “Günorta akym” proýektini teklip etdi. Bu baradaky teklip kabul edilende, “Gazpromyň” ýolbaşçysy, NABUCCO proýektii goýbolsun edildi, “Günorta akym” ýeňdi diýip, bütin Orsýeti gutlapdy.
Emma bu gün şertler üýtgedi. Netijede NABUCCO we Transhazar gaz proýektleri üçin täze mümkinçilikleriň döremegi ahmal, men bu proýektler amala aşyrylar diýen umytda.
Azatlyk Radiosy: Transhazar proýektine nähili mümkinçilikler dörär diýip pikir edýärsiňiz?
Sabit Bagyrow: “Günorta akym” proýekti ýatyryldy, emma bu proýekt bilen gyzyklanýan ýurtlar bardy, meselem gündogar Ýewropada ýerleşýän Bolgariýa, Wengriýa, Italiýa, hat-da Awstriýa çenli aralykda ýerleşýän ýurtlar bu proýekt bilen gyzyklanýardylar.
Eger bu proýekt başa barmasa, agzalan şol ýurtlaryň gaza bolan talaby kanagatlandyrylanok. Netijede men şol ýurtlar Transhazar gaz proýekti bilen mundan beýläk has-da ýakyndan gyzyklanar diýen pikirde.
Azatlyk Radiosy: Transhazar gaz proýekti mundan ozal Orsýetiň basyşlary sebäpli başa barmandy. Oňa sebäp hökmünde Hazar deňziniň statusynyň kesgitsizligi ýaly meseleler orta atylypdy. Eger Türkmenistan Ýewropa gaz akdyrmak üçin anyk ädimleri ädip başlasa, Orsýet ýene bir gezek munuň öňüni almaga, Aşgabada basyş etmäge synanyşmazmy?
Sabit Bagyrow: Elbetde, Orsýet bu ýagdaýa täsir ýetirmäge synanyşar. Ýöne Azerbaýjanyň we Türkmenistanyň ýolbaşçylarynyň bu ugurda aýdan sözleri bar, olar şunuň ýaly proýektiň öňüne böwet bolmaga hiç kimiň hakynyň ýokdugyny aýdyp gelýärler. Sebäbi Hazaryň serhedi takyklanmadyk hem bolsa, agzalýan proýektiň deňziň diňe bu iki ýurda degişli giňişliginde amala aşyryljakdygyny hemmeler bilýär. Bu barada iki ýurduň baştutanlary yzygiderli çykyş edýärler. Diýmek, bu ugurda mundan beýläk görkeziljek reaksiýalaryň nähili boljakdygyna garaşybermek galýar.
Azatlyk Radiosy: Eger Azerbaýjanyň we Türkmenistanyň bu proýekti amala aşyrmaga haky bar bolsa, onda bu güne çenli näme üçin bu proýekt başa barmady, jenap Bagyrow?
Sabit Bagyrow: Munuň birnäçe sebäbi bar, ilkinjisi, Ýewropanyň bu meselede ýeterlik derejede alada etmändigi bilen bagly. Ýewropa ähli potensialyny, ünsüni bu proýekte gönükdirmedi. Emma soňky döwürlerde bu gyzyklanma barha güýçlenýär. Işalla Ýewropanyň bu ugurdaky tagallalary mundan beýlägem güýçlener.
Ikinji mesele, 2000-nji ýyllaryň başlarynda Transhazar proýekti bilen bagly uly özgerişler göze ilýärdi. Hatda Türkmenistan bilen Azerbaýjanyň şol wagtky prezidentleri bu baradaky ösüşler bilen biri-birini gutlaýardylar.
Orsýetiň argumentleriniň güýji ýok, sebäbi Orsýetiň özi gaty agyr şertlerde...Sabit Bagirow
Şol bir wagtyň özünde-de bu proýekete Orsýet garşy çykyp, iki argumenti öňe sürýärdi. Birinjisi, Hazaryň statusynyň kesgitlenmändigi we, ikinjisi bolsa, bu proýektiň Hazaryň ekologiýasyna ýetiräýmegi mümkin täsiridi.
Ekologiýa barada aýdylanda, häzirki wagtda Orsýetiň argumentleriniň güýji ýok, sebäbi Orsýetiň özi gaty agyr şertlerde, hatda suwuň has-da beter çuň ýerinden Gara deňziň düýbünden suwasty mawy akym proýektini amala aşyrdy. Beýleki tarapdan, ol Baltika deňzinde hem “Demirgazyk akym” proýektini amala aşyrdy. Şeýle ýagdaýda Hazarda durmuşa geçiriljek proýektiň ekologiýa täsir ýetirjegi baradaky argumentiň indi manysy ýok.
Hazaryň statusy barada gürrüň edilende, Hazarýaka ýurtlaryň hiç biriniň arasynda deňziň statusy barada gelnen özara ylalaşyk ýok. Şeýle-de şu günki gün, Azerbaýjany, Gazagystany we Orsýeti göz öňünde tutup aýdanymyzda, Hazar deňzindäki gaz ýataklarynyň eýeçiligi bilen bagly olaryň arasynda hiç hili düşünişmezlik ýok. Diýjek bolýanym ýagdaý we şertler üýtgedi. Beýleki tarapdan, Azerbaýjan bilen Türkmenistanyň ýolbaşçylary-da bu proýekt bilen bagly kesgitli beýanatlar bilen çykyş etdiler.
Azatlyk Radiosy: Jenap Bagyrow, siz Türkmenistanyň ýokary derejeli ýolbaşçylary, şol sanda prezidenti bilen Transhazar proýekti barada ençeme gepleşikler tapgyryny geçiren adam hökmünde, häzirki wagtda Orsýetiň we Eýranyň garşy çykmagyna garamazdan, Türkmenistan dörän şu pursatdan peýdalanmaga taýýardyr diýip aýdyp biljekmi?
Sabit Bagyrow: Mendäki maglumatlara görä, gelejek ýyl Türkmenistanda ýurduň içindäki uly bir proýekt, ýagny “Demirgazyk-Günbatar” gazgeçirijisiniň gurluşygy tamamlanmaly. Eger bu iş bitse, onda täze mümkinçilikler dörär.
Türkmenistan Ýewropa bazarynda gaz satmak arzuwyny öňden bäri beýan edip gelýär, diýmek, ýakyn wagtda bu ugurda ýagdaýyň has anyklaşmagy mümkin.