Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Mejbury Täze ýyl


Paýtagtyň häkimligi tarapyndan döwlet edara-kärhanalaryna we guramalara öz töwereklerindäki giňişligi bezemek barada tabşyryklar berlipdir.
Paýtagtyň häkimligi tarapyndan döwlet edara-kärhanalaryna we guramalara öz töwereklerindäki giňişligi bezemek barada tabşyryklar berlipdir.

Paýtagt Aşgabat täze ýyl baýramyna taýýarlanyp başlady. Şenbe güni häkimiýetler paýtagtyň käbir ýerlerinde eýýäm täze ýyl arçalaryny gurup ugradylar. Häzirlikçe, esasan, paýtagtyň Magtymguly we Türkmenbaşy şaýollarynyň we Arçabil prospektiniň ugrundaky käbir döwlet edara-kärhanalarynyň golaýlarynda täze ýyl arçalary dikilýär.

Emma, bu hili arçalaryň beýleki esasy köçeleriň-de ugurlarynda dikiljekdigi şübhesiz. Ýurduň baş arçasy bolsa, öňki ýaly, Älem medeni-dynç alyş merkeziniň öňünde dikiler. Häzir bu ýerde äpet uly emeli arçany dikmek boýunça zerur işler alnyp barylýar.

Aşgabat Täze ýyla taýýarlanýar
please wait

No media source currently available

0:00 0:00:46 0:00

Şol bir wagtda hem paýtagtyň häkimligi tarapyndan döwlet edara-kärhanalaryna we guramalara öz töwereklerindäki giňişligi bezemek barada tabşyryklar berlipdir. Entek Täze ýyl bilen bagly bezelen ýerler ýogam bolsa, käbir edaralarda munuň üçin işgärlerden pul ýygnaljakdygy aýdylypdyr. Käbir ildeşlerimiziň aýtmaklaryna görä, işgärlerden ýygnaljak puluň möçberi 30-50 manat aralygynda.

“Her ýylam şeýdip, pul ýygnaýarlar. Her ýylam bezegler satyn alynýar” diýip, paýtagtyň medisina edarasynyň işgäri Mekan öz närazylygyny beýän edýär.

Mekdepler

Ene-atalaryň käbirleri paýtgatyň käbir mekdeplerinde we çagalar baglarynda hem Täze ýyl baýramçylygyna degişli çykdajylar bilen bagly özlerinden pul soralýandygyny gürrüň berýärler.

Aşgabadyň Parahat mikroraýonynda ýerleşýän orta mekdepde iki sany ogly okaýan Amangülüň aýtmagyna görä, ol her ogly üçin 5 manat pul beripdir. Amangül onsuzam her aý mekdep harajatlarynyň hasabyna her ogly üçin 5 manat berýändigini, Täze ýyl baýramy üçin pul ýygnamaklygyň artykmaç bolýandygy aýdýar.

Mundan başga-da häzir mekdeplerde Täze ýyl baýramçylyklaryna gatnaşjak okuwçylaryň hem saýlanyp başlanandygyny paýtagtyň orta mekdepleriniň biriniň mugallymy Arzygül gürrüň berýär. Olar, esasan, başlangyç klaslaryň okuwçylary bolup 2-4-nji klaslarda okaýan çagalar. Mälim bolşy ýaly, paýtagtda gyşky mekdep kanikullary döwründe her gün diýen ýaly geçirilýän Täze ýyl arçasynyň daşyndan aýlanmak çäresine ýüzlerçe çagalar gatnaşdyrylýar.

Çagalar saýlanyp alynýar

Emma Arzygülüň aýtmagyna görä, bu çärä her bir çaga gatnaşdyrylyp hem durulmaýar. Esasanam, paýtagtdaky baş arçanyň daşynda geçirilýän çärelere gatnaşýan çagalar ýörite saýlanýar. Baş arçanyň yşyklarynyň ýakylyş dabarasyna gatnaşjak çagalaryň üç arkasynyň hem soralýandygyny Arzygül gürrüň berýär.

“Bu çärä prezident hem gatnaşansoň, oňa gatnaşjak çagalar gowy edip saýlanýar. Çaganyň kimdigi, onuň, eger prezident bir zat soraýsa, nähili jogap bermelidigi hem öwredilýär” diýip, Arzygül aýdýar.

Çärä gatnaşýan çagalaryň egin-eşikleri hem ak reňkde bolmaly
Çärä gatnaşýan çagalaryň egin-eşikleri hem ak reňkde bolmaly

Onuň sözlerine görä, beýleki Täze ýyl baýramçylyk çärelerine gatnaşýan çagalar hem saýlanyp-seçilýär, bu çärä gatnaşýan çagalar owadan, ýüzi ak bolmaly. Garaýagyz çagalaryň alynmaýandygyny Arzygül aýdýar. Çärä gatnaşýan çagalaryň egin-eşikleri hem ak reňkde bolmaly. Munuň üçin, mekdeplerde ýörite ene-aratalardan puluň ýygnalýandygy aýdylýar.

“Mekdeplerde köpçülikleýin çäräniň garderoby diýip, ene-atalardan pul ýygnalýar. Şol pula dürli-dürli görnüşli bezegli egin-eşikler satyn alynýar. Esasanam, ak reňkli egin-eşikler satyn alnyp, köpçülikleýin çärä gatnaşýan çagalara geýdirilýär” diýip, Amangül gürrüň berýär.

Emma ene-atalaryň aýtmaklaryna görä, ene-atalar öz çagalaryny bu hili çärelere goýbermejek bolýarlar.

Ogly dördünji klasda okaýan Arslan bu hakda şeýle diýýär: “Geçen ýyl meniň ikinji klasda okaýan oglumy şol çärä saýlap aldylar. Ilki bilen olary sowukda birnäçe gün repetisiýa geçirtdiler. Soňam birnäçe sagat sowukda şol çärä gatnaşdyrdylar”..

Ýurtda Täze ýyl baýramçylygy döwlet derejesinde bellenilýär. Ýanwar aýynyň birinji güni hem Türkmenistanda dynç güni diýlip yglan edilýär.

XS
SM
MD
LG