Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Global ýarag söwdasynyň kanuny güýje girdi


Ýarag we harby enjamlaryň 7-nji halkara sergisi Mileks 2014, Minsk
Ýarag we harby enjamlaryň 7-nji halkara sergisi Mileks 2014, Minsk

Global derejede ýarag söwdasyny düzgünleşdirýän wajyp kanun güýje girdi.

Ýarag söwdasy boýunça täze kanun ýarag satmak ugrundaky ilkinji global düzgünnama bolar we onuň ýylda 85 milliard dollar möçberde maliýe serişdelerini dolandyrjakdygy çak edilýär.

Ylalaşygyň maksady

BMG-niň Baş sekretary Ban Ki Moonyň beýannamasynda ylalaşyk “global ýarag söwdasyna jogapkärçiligi, hasabat bermekligi we açyklygy aralaşdyrmak boýunça köpçülikleýin tagallalarymyzyň täze bir tapgyrynyň başlanýandygyny aňladýar” diýlip bellenilýär.

“Netijede bu harby konfliktlerden we zorlukdan ejir çekýän regionlara ýarag satylmagynyň ýa berilmeginiň öňüni almak arkaly adamlaryň jebir çekmegini azaltmak boýunça köpçülikleýin taýýarlygymyzyň subutnamasydyr” diýip, Ban Ki Moon belleýär.

Şeýle-de ol ähli ýurtlary bu ylalaşyga “gaýra goýulmazdan” goşulmaga çagyrdy.

BMG-niň Adam hukuklary boýunça baş komissary Zeid Ra'ad Al-Hussein ylalaşygy makullap, onuň “ýaraglaryň zulum etmek we adam hukuklaryny depelemek boýunça beýleki hereketler üçin ulanylyp bilinmeginiň soňuna çykylmagyna” şert döredýändigini nygtady.

Muňa garamazdan, kampaniýa gatnaşýanlar ylalaşygy durmuşa geçirmek ugrunda entek köp işiň edilmelidigini aýdýarlar. Gatnaşyjy döwletleriň ilkinji sammiti 2015-nji ýylyň sentýabr aýynda geçiriler.

Ylalaşygyň talaby

Ylalaşyk adaty ýaraglaryň, şol sanda uly bolmadyk ok atýan ýaraglardan başlap, tanklaryň we hüjüm ediji dikuçarlaryň serhedara söwdasyny düzgünleşdirýär.

Ylalaşyk döwletlerden ýarag söwdasyna degişli şertnamalara gaýtadan garamagy talap edýär we olaryň ýaragyň adam hukuklaryna we gumanitar kanunlara garşy hem-de terrorizm bilen guramaçylykly jenaýat üçin ulanylmajagyny üpjün etmegi talap edýär.

Şeýle-de ylalaşyk ýarag söwdasyny harby jenaýatçylyklara we genoside mümkiçilik döredýän ýagdaýlarda gadagan edýär.

Goşulan we goşulmadyk ýurtlar

Ylalaşyga gol çeken 130 ýurtdan 60-sy ony tassyklady. Olaryň arasynda dünýäniň iň iri ýarag söwdagärleri Germaniýa, Fransiýa we Britaniýa bar.

ABŞ we Ysraýyl ylalaşyga diňe gol çekdiler.

Ýarag satýan iri ýurtlaryň ýene birnäçesi, şol sanda Orsýet, Hytaý, Hindistan we Pakistan ylalaşyga gol çekmediler.

XS
SM
MD
LG