Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Eýran harbylary türgenleşik geçirýär


Eýranyň armiýasy ýurduň günortasynda giň gerimli harby türgenleşikleri geçirýär. Bu barada Eýranyň metbugaty habar berýär.

Eýranyň armiýasynyň gury ýer güýçleriniň ýolbaşçysy general Ahmad Reza Pourdastan (Ahmad Reza Pourdastan) 25-nji dekabrda ýurduň döwlet telewideniýesine beren maglumatynda, bu harby türgenleşikler Eýranyň esgerleriniň ýetişip gelýän ýaş nesli bilen harby “tejribeleri paýlaşmagy” maksat edinýär diýdi.

“Muhammet resulollah”, ýagny “Muhammet Allanyň resuly” atly ýedi günlük harby türgenleşikler armiýany, deňiz güýçlerini, howa güýçlerini öz içine alýar. Bu harby türgenleşikler strategik taýdan ähmiýetli Ormuz bogazynyň golaýynda geçirilýär.

Eýranyň harby resmileriniň berýän maglumatyna görä, bu harby türgenleşiklere ýurduň “Yslam rewolýusiýa gwardiýasy” korpusynyň we “Basij” ýarym harby ýaraglylarynyň deňiz güýçleri hem gatnaşar.

XS
SM
MD
LG