Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Azadlyk Radiosynyň habarçylary soraga çekildi


Azatlyk Radiosynyň Azeri gullugynyň Bakuwdaky býurosynyň işgärleri.
Azatlyk Radiosynyň Azeri gullugynyň Bakuwdaky býurosynyň işgärleri.

28-nji dekabrda Azatlyk Radiosynyň Bakuwdaky býurosynyň 12 işgäri Azerbaýjanyň häkimiýetleri tarapyndan zor bilen tussag edilip, soraga çekildiler. 29-njy dekabrda edaranyň beýleki käbir işgärleriniň hem şular ýaly soraga çekilmegine garaşylýar.

12 sagatlap dowam eden soragdan soň, 12 žurnalistiň ählisi hem, – hiç hili aýyplama bildirilmezden, – azat edildi. Bu bolup geçýän zatlar Azatlyk Radiosynyň, ilat arasynda esasan Radio Azadlyk diýlip tanalýan, Azeri gullugyna garşy edilýän basyşlaryň soňkusydyr.

Mundan iki gün öň Azerbaýjanyň prokurorlary Azatlyk Radiosynyň Bakuwdaky býurosyny möhürläp, onuň işini duruzdylar.

Soraga çekilen žurnalistleriň ýanynda aklawçynyň bolmagyna rugsat berilmedi.

Prokurorlar Azadlyk Radiosynyň aklawçysyna Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosy bilen işleşmek hukugyndan mahrum edilendigini we onuň özüniň-de sorag ediljekdigini aýdypdyrlar.

Azadlyk Radiosynyň başga-da sekiz habarçysyna, eger-de olar 29-njy dekabrda soraga gelmeseler, onda olaryň zor bilen tussag astyna alynjakdyklary aýdylyp, haýbat atyldy.

Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosynyň baş redaktory we direktorynyň wezipesini ýerine ýetiriji Nedan Pejiç bu hereketleri ýazgaryp, azerbaýjan häkimiýetleriniň Azadlyk Radiosynyň habarçylaryny we olaryň maşgalalaryny “terror” edýändigini aýtdy.

Tussaglyk

27-nji dekabr güni giçlik azerbaýjan häkimiýetleri Azadlyk Radiosynyň işgärleriniň öýlerini döküp başladylar.

Azadlyk Radiosynda gepleşiklerini alyp barýan Kamran Mahmudow 28-nji dekabr güni ir bilen polisiýa tarapyndan zor bilen öz öýünden alnyp gidildi.

Kamranyň aýaly – Latifanyň sözlerine görä, polisiýa onuň adamsyny südenekledip äkidipdir we oňa hatda aýakgabyny geýmäge-de maý bermändir.

Polisiýa Azadlyk Radiosynyň rus web-sahypasynyň redaktory Çingiz Sultanowy we býuronyň tämizleýjisi Matanat Abdinowany hem tussag astyna aldy.

Olar Bakuwyň prokuraturasynyň agyr jenaýat bölüminde sorag edildiler.

26-njy dekabrda prokurorlar Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosynyň Bakuwdaky býurosyna kürsäp girip, onuň içindäki kompýuterleri, diskleri we dokumentleri ele saldylar. Şeýle-de resmiler edaranyň gapylaryny möhürlediler.

Mundan soň Azadlyk Radiosynyň ähli işgärlerine we frilanserlerine, ýagny ştatdan daşarky habarçylaryna soraga gelmelidikleri barada görkezme berildi.

Adamlaryň aglabasy, eger sorag edilýän wagty ýanlarynda aklawçy bolmasa, onda soraga gelmejekdiklerini mälim etdiler.

Azerbaýjanyň häkimiýet başyndaky “Ýeni Azerbaýjan” (“Täze Azerbaýjan”) partiýasynyň ýokary derejeli wekili Siýawouş Nowruzow brýuronyň güpbasdy edilmegini gorap, munuň milli howpsuzlyk meselesidigini öňe sürdi.

Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosynyň Bakuwdaky edarasyna geçirilen reýd ABŞ-nyň Döwlet departamenti, Gubernatorlaryň Teleradiogepleşikler Geňeşi tarapyndan, şeýle-de Serhetsiz Reportýorlar atly žurnalistleriň hukugyny goraýan halkara gurama tarapyndan ýazgyryldy.

XS
SM
MD
LG