Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Dünýä täze 2015-nji ýyly garşy aldy


Adamlar giçlik Berliniň Brandenburg derwezesine ýygnandylar we açyk howada guralan konserte tomaşa etdiler.
Adamlar giçlik Berliniň Brandenburg derwezesine ýygnandylar we açyk howada guralan konserte tomaşa etdiler.

Dünýäniň çar künjegindäki adamlaryň 2015-nji ýylyň gelmegini halkara derejesinde şatlyk-şowhun bilen garşy alýan wagtynda Şanhaýda betbagtçylykly hadysa boldy.

Hytaýyň iň uly şäherinde gije ýarymdan öň, derýa kenaryna golaý ýerde bolan depeşekde azyndan 35 adam öldi, onlarça adam bolsa ýaralandy.

Depeşegiň sebäpleri geçen hepde şu ýerde, kän adamyň toplanmagyndan gaça durmak üçin, lazer tomaşasynyň geçirilmegini ýatyran resmiler tarapyndan derňelýär.

Käbirleri bu hadysanyň bir sebäbiniň bir restoranyň ýokary gatyndan ýasama pullaryň zyňylmagy we adamlaryň ol pullardan aljak bolup, bir-birlerini depelemegi bilen baglydygyny aýdýar.

Başgalaryň aýtmaklaryna görä, adamlaryň üýşmegi Huanpu derýasynyň platformasyna çykmaga synanypdyrlar.

Hytaýyň prezidenti Si Jinpiň bu betbagtçylygy hemme taraplaýyn derňemäge çagyrdy we ýurduň çar künjegindäki ýerli hem regional hökümetleriň bu hili hadysanyň gaýtalanmazlygy üçin ähli çäräni görmegini buýurdy.

28-nji dekabrda «AirAsia» ýolagçy uçarynyň heläkçilige uçramagy, 2014-nji ýylda üçünji uçarynyň ýykylmagy hem-de ýurduň demirgazyk-gündogaryna gelen siliň 250 müň çemesi adamy ýaşaýan ýerinden göçürmegi bilen, Malaýziýa 2015-nji ýyly alasarmyk bir ýagdaýda garşylady.

Yrak paýtagtynda resmiler on ýyldan gowrak wagt bäri güýjünde galýan komendant sagadyny bir gijelik ýatyryp, Bagdadyň ilatyna giçden soň hem daşarda galmaga we Täze ýyly bellemäge rugsat bermek kararyna geldiler.

Emma Bagdadyň kommersiýa etraplary, janyndan geçen bombaçylardan we şäheri aýlap dowla salan yslamçylardan ätiýaç edip, ýapyldy.

Awstraliýanyň Sidniý şäherinde, Opera öýüniň ýanyndaky meşhur feýerwerk tomaşasyny görmek üçin, 31-nji dekabrda 1 milliondan gowrak adam toplandy.

Birleşen Arap Emirliklerinde bolsa ýüz müňlerçe adam planetanyň iň beýik binasy Burj Kalifada we onuň töwereginde dünýäniň iň uly feýerwerk we lazer tomaşasy hasaplanýan sahnalara syn etdi.

Howanyň doňduryjy aýazyna garamazdan, on müňlerçe adam Moskwanyň Gyzyl meýdanynda guralan has ortaça feýerwerk tomaşalaryny, merhemetli Wasiliň ybadathanasynyň we Leniniň mawzoleýiniň şekillerini görmäge geldi.

Adamlar baýramçylygy bellemek üçin giçlik Berliniň Brandenburg derwezesine ýygnandylar we açyk howada guralan konserte tomaşa etdiler, Berlin diwarynyň ýykylmagynyň 25 ýyllygyny dabaralandyrdylar.

Parižde hem müňlerçe adam 2015-nji ýylyň gelmegi bilen meşhur Çamps d’Eliseý bulwaryna toplanyp, Ýeňiş diňini şekillendirýän lazer we çyra tomaşalaryna syn etdiler.

Merkezi Hoň-Koňda, resmileriň birnäçe hepde öň demokratiýaçy protestçileriň çadyrlaryny ýyrtyp, lagerlerini ýykan, köçe protestlerini dargydan ýerinde guralan pirotehniki tomaşa syn etmäge ýüz müňlerçe adam toplandy.

Ispaniýada ýüzlerçe müň adam Madridiň Puerta-del-Sol meýdançasyna toplansa, Barselonada onlarça müň tomaşaçy üçin ullakan feýerwerk sahnasy guraldy.

Iňlis paýtagtynda adamlar Täze ýylyň öňüsyrasyndaky feýerwerk tomaşalaryny synlamak üçin Temz derýasynyň kenarlaryna çyksa, Şotlandiýanyň paýtagty Edinburg özüniň Hogmanaý atly gadymdan gelýän köçe baýramçylygyny geçirdi.

Ýaponiýayň paýtagty Tokioda, Meýji Jingu hramynyň daş işiginde, adamlaryň däp boýunça gowy Täze ýyl baradaky tekliplerini galdyrmagy üçin, ullakan gapyrjaklar goýuldy.

Iňlisçeden terjime eden Ýowşan Annagurban.

XS
SM
MD
LG