Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ýatsenýuk: Russiýa öz “banditlerini” çykarmaly


Ukrainanyň premýer-ministri Arseniý Ýatsenýuk (çepde) we Germaniýanyň kansleri Angela Merkel.

Ukrainanyň premýer-ministri Arseniý Ýatsenýuk ok atyşygy bes etmek barada 5-nji sentýabrda gol goýlan ylalaşyga we parahatçylyk ugrunda ädilýän ädimlere garamazdan, Moskwa öz harby güýçlerini Ukraina ugratmagy dowam etdirýär diýdi. Ýatsenýuk Moskwadan, onuň aýtmagyna görä, öz “banditlerini” Ukrainadan çykarmagy talap etdi.

8-nji ýanwarda Berlinde Ýatsenýuk Germaniýanyň kansleri Angela Merkel bilen geçiren gepleşiklerinden soň eden çykyşynda: “Russiýa öz goşunyny Ukrainanyň regionlaryna ugratdy we ol heniz hem ugratmagy dowam etdirýär. Bu zatlaryň ählisi Russiýanyň prezidenti Wladimir Putiniň tabşyrygy esasynda bolýar” diýdi.

Russiýanyň orsparaz separatistleri goldamak maksady bilen gündogar Ukrainanyň serhedine goşun we ýaraglary ugradandygy barada Kiýewiň we NATO-nyň kesgitleýji delillerine garamazdan, Moskwa gündogar Ukrainadaky konfliktde gatnaşygynyň bardygy baradaky maglumatlary inkär edýär.

XS
SM
MD
LG