Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Pariž: Poçta edarasy zamun alyndy


Fransiýanyň howspuzlyk güýçleri
Fransiýanyň howspuzlyk güýçleri

Fransiýanyň polisiýasy Parižiň eteginde ýaragly adamyň bir poçta edarasyny we iki adamy zamun alandygyny habar berýär.

Polisiýa Parižiň demirgazyk-günbataryndaky Kolobes sebitini gabady.

RTL radiosynyň beren maglumatyna görä, hüjümçi kalaşnikow awtomaty, sapança we el granatlary bilen ýaraglanandygyny, şeýle-de üç adamy zamun alandygyny aýdypdyr.

Maglumatda onuň polisiýa bilen habarlaşandygy, emma nähilidir bir teklibi öňe sürmändigi hem aýdylýar.

Polisiýa bu wakanyň geçen hepde Parižde bolan hüjümler bilen ilteşigini görkezýän alamatlaryň ýokdugyny aýdýar.

Bu aralykda Pariže sapar edýän ABŞ-nyň döwlet sekretary Jon Kerry, geçen hepde yslamçy söweşijileriň Parižde amala aşyran “namart we nejis” hereketlerini amerikalylaryň “gahar we ýigrenç“ bilen garşy alandyklaryny aýtdy. Gürrüňi gidýän wakalarda 17 adam öldürilipdi.

Kerry Fransiýanyň prezidenti Fransua Olland we daşary işler ministri Laurent Fabius bilen geçiren duşuşygyndan soň ABŞ-nyň Fransiýa bilen raýdaşdygyny aýtdy.

Kerry çykyşyny iňlisçe başlap, soňy bilen fransuzça geçdi.

Ol hristianlaryň, musulmanlaryň we beýlekileriň ählisiniň “bir gäminiň üstündedigini. Şeýle-de bu dörän krizisiden bilelikde çykmalydygyny” aýtdy.

Mundan ozal Kerry bilen Fabius hüjümleriň amala aşyrylan “Charlie Hebdo” neşiriniň binasynyň we söwda merkeziniň öňünde gül desselerini goýdular.

Bu aralykda öten agşam Parižiň töwereginde hüjümçilere ýarag edinmäge we olara ulag kömegini bermekde güman edilip, 12 adam tussag edildi.

ABŞ, 11-nji ýanwarda Parižde geçirilen ýörişe gatnaşmaga degişlilikde pes derejeli amerikan resmilerini ýollandygy zerarly, tankyt edilipdi. Fransiýanyň paýtagty Parižde söz azatlygyny goldap we terrorçylygyň garşysyna geçirilen şol ýörişe milliona golaý adam, şol sanda dünýäniň onlarça liderleri gatnaşdy.

XS
SM
MD
LG